Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 4:13 - Mukaddes Kitap

13 Dagyň depesinde gurbanlyk kesýärler, baýyrlarda bolsa sadaka berýärler. Dub, derek hem dagdan agaçlarynyň aşagynda sadaka edýärler. Çünki olaryň kölegesi goýy. Şonuň üçin gyzlaryňyz azgynlyk, gelinleriňiz bolsa zyna edýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Дагың депесинде гурбанлык кесйәрлер, байырларда болса садака берйәрлер. Дуб, дерек хем дагдан агачларының ашагында садака эдйәрлер. Чүнки оларың көлегеси гойы. Шонуң үчин гызларыңыз азгынлык, гелинлериңиз болса зына эдйәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 4:13
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu ysraýyl halkynyň özüni Müsür patyşasy faraonyň golastyndan azat edip, Müsürden çykaran Hudaýy Rebbiň garşysyna günä edendigi we başga hudaýlara sežde edendigi üçin şeýle boldy.


Ýoşyýa Rebbiň öýünde bolan azgyn erkekleriň öýlerini-de ýykdy. Ol ýerde aýallar Aşera üçin dokma işlerini edýärdiler.


Höwes eden keramatly agaçlaryňyz üçin utanarsyňyz, saýlan baglaryňyz üçin ýüzüňiz gyzarar.


Dub agaçlarynyň arasynda, gür ýaprakly agajyň astynda butlar bilen zyna gyzyşyp, derelerde, gaýalaryň köweklerinde çagalaryňyzy gurban edýän siz dälmi eýsem?


Beýik, uly dagyň üstünde ýerleşdirdiňiz düşegiňizi, gurbanlyk hödür etmäge çykdyňyz ol ýere.


Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp: ‘Saňa gulluk etmerin’. Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdiň serlip ýatyp.


Emma sen öz ýazygyňy boýun al: öz Hudaýyň Rebbiň garşysyna baş galdyrdyň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda keseki hudaýlara köňül berdiň, Maňa gulak asmadyň. Muny Reb aýdýandyr.


Ýoşyýa patyşanyň döwründe Reb maňa şeýle diýdi: «Sen biwepa Ysraýylyň eden zatlaryny gördüňmi? Her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdi.


Näme üçin ornaşmaga barýan ýurduňyz bolan Müsürde başga hudaýlara tütetgi ýakyp, öz eden işleriňiz bilen Meniň gaharymy getirýärsiňiz? Siz öz başyňyzdan betbagtlyk inderip, dünýäniň ähli milletleriniň arasynda özüňizi nälete we utanja sezewar edersiňiz.


Sen nepis geýimleriňden özüňe owadan seždegähler salyp, olaryň üstünde zyna etdiň, beýle zat öň bolan däldir we indi hem bolmaz.


Her köçäniň başynda seždegäh gurup, owadanlygyňy harladyň, her bir ötegçä özüňi hödürläp, zynagärligiňi artdyrdyň.


Her bir beýik baýryň depesindäki, ähli daglaryň başyndaky, her bir gür ýaprakly agajyň astyndaky we belent dub agajynyň astyndaky gurbanlyk sypalarynyň we butlarynyň arasynda, tütetgi hödür edilýän ähli ýerlerinde olaryň gylyçdan geçirilenleri serlip ýatanda, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Ysraýylyň günäsi bolan Awendäki seždegähler ýok ediler. Olaryň gurbanlyk sypalarynda ýandak hem gyzgan biter. Olar daglara: «Bizi örtüň!», baýyrlara: «Biziň depämize iniň!» diýerler.


Olar çagyryldygyça, Menden şonça uzaklaşdylar. Bagal butuna gurbanlyk berdiler, butlara ýakymly ysly tütetgi ýakdylar.


Bagal butuna tütetgi ýakan günleri üçin, ony jezalandyraryn. Şol wagt özüni halkadyr ýüzükler bilen bezäp, oýnaşynyň yzyndan kowalady. Meni bolsa unutdy». Muny Reb aýdýandyr.


Şonuň üçin Reb şeýle diýýär: „Aýalyň şäherde loluçylyk eder, ogul-gyzlaryň gylyçdan geçiriler, ölçeg ýüpi bilen ýeriň paýlanylar, özüňem haram ýurtda ölersiň, ysraýyl halky öz ýurdundan ýesir edilip äkidiler“».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ