Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 2:21 - Mukaddes Kitap

21 Şol gün Men jogap bererin» Muny Reb aýdandyr. «Göklere-de jogap bererin. Olar hem ýere jogap bererler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Шол гүн Мен җогап берерин» Муны Реб айдандыр. «Гөклере-де җогап берерин. Олар хем ере җогап берерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 2:21
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýagşyň, garyň göklerden inip, ýeri suwaryp, ony önümli, hasylly edip, ekene tohum, çörek iýýäne çörek berýänçä, yzyna dolanmaýşy dek,


Mundan beýläk «Terk edilen» diýilmez saňa, mundan beýläk «Harabalyk» diýilmez ýurduňa, emma saňa «Söýdügim», ýurduňa «Ärli» diýler; Reb seni söýýär, ýurduň ärli bolar.


Ýigidiň gyza öýlenişi dek, ogullaryň-da saňa eýe çykarlar, giýewiň gelni üçin şatlanyşy dek, Hudaý-da seniň üçin şatlanar.


Olar çagyrmanka, Men jogap bererin, gepläp durkalar, Men eşiderin.


Sizi ähli haramlygyňyzdan halas ederin. Men galla emr edip, ony köpelderin, size gaýdyp açlyk çekdirmerin.


Ol pudak ýaýradar. Owadanlygy zeýtun agajy ýaly bolar. Liwanyň kedr agajy deýin ýakymly ys saçar.


Reb jogap berip, diýdi halkyna: «Ine, Men size iberýän: gallany, şeraby, zeýtun ýagyny. Doýup-ganyp iýersiňiz olardan. Mundan beýläk milletler arasynda Men sizi etmerin indi masgara.


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


Tohum parahatlykda sepiler. Üzüm agajy miwe berer, toprak öz hasylyny eçiler, asman ýagmyryny ýagdyrar. Men bularyň hemmesini halkyň aman galan bölegine mülk hökmünde berjek.


Men olary ýene Iýerusalime ýaşamaga getirerin. Olar Meniň halkym bolar, Men olaryň wepaly hem adalatly Hudaýy bolaryn» diýýär.


Öýümde azyk bolar ýaly, ondan biriňiziň baryny tutuşlygyna ammara getiriň. Meni munuň bilen synap görüň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Görüň, Men gögüň penjirelerini siziň üçin açyp, üstüňize dolup-daşýan bereket ýagdyrmarynmy?


Men siziň üçin topragyňyzdaky hasyly weýran etmegi çekirtgelere gadagan ederin. Meýdandaky üzüm agaçlaryňyz hasylsyz galmaz, Hökmürowan Reb diýýär.


Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.


Hudaý hatda Öz Ogluny aýaman, Ony biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyran bolsa, onda Onuň bilen birlikde beýleki zatlaryň baryny hem eçilmezmi näme?!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ