Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 2:15 - Mukaddes Kitap

15 Ol ýerde Men oňa üzüm bagyny bererin. Akor deresini Umyt geçelgesine öwrerin. Şonda ýaşlyk günlerinde bolşy ýaly, Müsür topragyndan çykanda bolşy kimin, aýdymlar aýdar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Ол ерде Мен оңа үзүм багыны берерин. Акор дересини Умыт гечелгесине өврерин. Шонда яшлык гүнлеринде болшы ялы, Мүсүр топрагындан чыканда болшы кимин, айдымлар айдар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 2:15
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahaba Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli ýollaryndan ýöremekligiň özem ýeterlikdi, ýöne ol onuň üstesine sidonlylaryň patyşasy Etbagalyň gyzy Izebele öýlenip, Bagala sežde etdi.


Reb agyr zähmet arkaly olary boýun egdirdi: ýykyldylar, asla ýardam beren bolmady.


Meni agtaran halkym üçin Şaron sürülere öri, Akor jülgesi sygyrlara ýatak bolar».


Olar jaýlar salyp, onda ýaşarlar, üzüm agaçlaryny ekip, miwesini iýerler.


«Git-de, şulary Iýerusalim halkyna jar et. Reb şeýle diýýär diý: „Men seniň ýaşlygyňdaky wepaňy, gelin wagtyňdaky söýgiňi ýatlaýan, çölde – ekin bitmeýän ýerde, Meniň yzyma eýerişiňi ýatlaýan.


Çünki siziň üçin niýetlän meýillerimi Özüm bilýärin. Muny Reb aýdýandyr. Bular size ýamanlyk etmek däl-de, umytly geljek bermek üçin parahatlyk niýetleridir.


Indi sen Maňa: „Atam, ýaşlygymdan Sen dostumsyň!


Çünki Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb: „Bu ýurtda ýene öýler, ekin meýdanlary we üzüm baglary satyn alnar“ diýýär».


Emma şuny ýatda saklaýan, şonda ýene-de umyt döreýär:


Ähli nejis işleriňde, zynagärligiňde ýaşlyk günleriňi, alaň-açyk we ýalaňaç bolup, ganyňa bulaşan wagtyňy ýatlamadyň“».


Ýöne ýaşlygyňda seniň bilen baglaşan ähtimi ýatlap, seniň üçin baky äht berkarar ederin.


Onsoň ýene gapdalyňdan geçip, saňa seretdim. Seniň tüýs söýgi çagyňdy; etegimi üstüňe ýazyp, ýalaňaçlygyňy örtdüm. Saňa ant içip, seniň bilen äht baglaşdym, sen-de Meniňki bolduň. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ysraýyl halkyny dargadylan halklaryň arasyndan yzyna ýygnap, milletleriň gözleriniň alnynda mukaddesligimi ykrar ederin. Şundan soň olar öz ýurtlarynda, ýagny Meniň gulum Ýakuba beren ýurdumda mesgen tutarlar.


Ol ýerde howpsuz ýaşap, öýler gurarlar, üzüm baglaryny oturdarlar. Daş-töwerekdäki olary ýigrenýänlere hökümler çykaranymdan soň, olar howpsuz ýaşarlar. Şonda olar Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi bilerler».


«Ysraýyly ýaş wagtynda söýdüm, ony – oglumy Müsürden çagyrdym.


Reb pygamber arkaly Ysraýyly Müsürden alyp çykdy. Pygamber üsti bilen ony gorady.


«Hudaýyň Reb Mendirin. Seni Müsürden çykardym. Baýramçylyklarda bolşy ýaly, seni ýene çadyrda ýaşadaryn.


«Seni Müsürden çykaran Hudaýyň Reb Mendirin. Menden başga hudaýy tanamaly dälsiň. Menden başga halasgär ýokdur!


Onuň: „Oýnaşlarymyň maňa beren haky“ diýen üzümligini, injir baglaryny weýran ederin. Men olary jeňňele öwrerin, haýwanlara iýmit bolarlar.


Eý, umytly ýesirler, öz galaňyza dolanyň! Bu gün size iki esse bereket berjekdigimi jar edýän.


Şonda olar şu aýdymy aýtdylar: «Suwlaryň joşsun, eý, guýy! Munuň şanyna aýdym aýdalyň!


Gapy Mendirin. Kim şu gapydan girse, halas bolar. Ol girip-çykyp, özüne otlag tapar.


Antiýoha gelenlerinden soň, resullar ýygnagy bir ýere çagyryp, olara Hudaýyň özleri arkaly ähli bitiren işlerini we ýahudy dälleriň iman etmegi üçin, Onuň açan ýoly barada gürrüň berdiler.


Akanyň üstünde uly daş üýşmegi emele geldi. Ol biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Diňe şondan soňra Rebbiň gahar-gazaby köşeşdi. Şonuň üçin ol ýer şu günler hem Akor jülgesi diýlip atlandyrylýar.


Ysraýyllar daş-töweregindäki ähli duşmanlaryň elinden halas eden özleriniň Hudaýy Rebbi ýatlamadylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ