Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 2:14 - Mukaddes Kitap

14 «Şonuň üçin häzir ony ynandyryp, çöle alyp bararyn, onuň ýüregini awlaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 «Шонуң үчин хәзир оны ынандырып, чөле алып барарын, онуң йүрегини авларын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 2:14
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şekem gyza ýürekden aşyk boldy. Ol gyzy söýdi we onuň göwnüni tapjak bolýardy.


Ol seni hem dertden azat edip, çäksiz giňişlige çykardy, saçagyňy näz-nygmatlardan doldurdy.


Eý, Iýerusalim gyzlary, garaýagyz-da bolsam, görmegeýdirin, gara men Kedaryň çadyrlary deý, owadan men Süleýmanyň perdeleri deý.


Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly!


Indi Men size üzümçiligime näme etjekdigimi aýdaryn. Men onuň haýadyny aýraryn, ol weýran ediler; onuň diwaryny ýykaryn, ony basgylap zaýalarlar.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: „Şeýle günler geler, adamlar gaýdyp ysraýyl halkyny Müsürden çykaran Rebden ant içýärin diýmezler.


«Git-de, şulary Iýerusalim halkyna jar et. Reb şeýle diýýär diý: „Men seniň ýaşlygyňdaky wepaňy, gelin wagtyňdaky söýgiňi ýatlaýan, çölde – ekin bitmeýän ýerde, Meniň yzyma eýerişiňi ýatlaýan.


Reb Baruga şeýle diýýär diýip aýt: «Ine, tutuş ýer ýüzünde dikenimi ýykaryn, ekenimi sogrup taşlaryn.


Şeýlelikde, olary Müsür ýurdundan çykaryp, çöle getirdim.


Öz barlygymdan ant içýärin, – Hökmürowan Reb diýýär – Men güýç-gudratym we gahar-gazabym bilen üstüňizden höküm sürerin.


Aýyrmasa Men ony edil doglan wagtyndaky ýaly çuw-ýalaňaç ederin. Ony boş çöle, gury topraga öwrerin. Teşnelikden öldürerin.


«Ähli butlary bölek-bölek ediler, haram gazançlarynyň bary oda ýakylar, butlarynyň baryny ýok ederin, çünki bulary loly gazanjy bilen toplady. Olar ýene-de loly gazanjyna öwrüler» diýýär Reb.


Eý, Sion gyzy, dogurýan aýal ýaly agyryňy çekip, görgiňi gör. Çünki indi düzde ýaşarsyň sen, galadan çykyp, Babyla gidip, ol ýerde halas bolarsyň. Reb şol ýerde duşmandan halas eder seni.


Ýerden ýokary göterilenimde, Men ähli ynsanlary Özüme çekerin» diýip jogap berdi.


Eger Meni iberen Atanyň Özi getirmese, hiç kim Maňa gelip bilmez. Ýanyma gelen adamy bolsa, Men ahyrky gün direlderin.


Aýala ýylanyň öňünden çöle, bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli iýmitlenjek ýerine uçup gaçar ýaly, uly bürgüdiň iki ganaty berildi.


Aýal bolsa çöle gaçyp gitdi. Ol çölde müň iki ýüz altmyş günläp iýmitlener ýaly, Hudaý şol ýerde oňa bir ýer taýýarlapdy.


Soňra adamsy aýaly bilen ýaraşyp, ony getirmek üçin yzyndan ugrady. Onuň ýanynda bir hyzmatkäri bilen iki sany eşegi bardy. Aýaly adamsyny atasy öýüne saldy. Gaýynatasy ony güler ýüz bilen garşylap, öz öýünde saklady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ