Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 14:8 - Mukaddes Kitap

8 Olar dolanyp, Meniň saýamda ýaşarlar. Bugdaý kimin bol bolarlar. Üzüm ýaly güllärler. Olaryň ysy Liwan şeraby ýaly bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Олар доланып, Мениң саямда яшарлар. Бугдай кимин бол боларлар. Үзүм ялы гүлләрлер. Оларың ысы Ливан шерабы ялы болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 14:8
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol halkyň öňünde aýdym aýdyp: „Günä etdim, dogry ýoldan çykdym, emma Hudaý maňa jeza bermedi.


Görmeýänimi maňa öwret, etmiş eden bolsam, indi gaýtalaman“ diýeniňiz barmy?


Çölde kedr, akasiýa, mirt, zeýtun agaçlaryny oturdaryn, serwini, çynary, arçany sährada bile dikerin.


Tikenekli gyrymsy agajyň ýerine serwi, çitçiti ýerine nar biter; bu Rebbe şöhrat getirer, ölmez-ýitmez ebedi alamat bolar.


Mukaddes öýümi bezemek üçin Liwanyň baýlygy geler saňa, Aýak basýan ýerimi şöhratlandyrmak üçin serwi, çynar we arça agaçlary saňa getiriler.


Ony Ysraýylyň belent dagynda oturdaryn, ol pudak çykarar, miwe berer, şöhratly kedr agajy bolar. Her dürli guşlar şahalarynda mesgen tutar, her hili ganatly jandarlar kölegesinde saýalar.


Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


Ýigit kakasynyň ýanyna ugraýar. Ogly entek uzakdaka, kakasy ony görýär. Oňa ýüregi awaýar, ylgap baryp oglunyň boýnundan gujaklap, ony ogşaýar.


Biziň hemmämiz Onuň çäksiz merhemeti arkaly ýalkanyş üstüne ýalkanyş aldyk.


Dogrudanam, ähli ýagşylyk, dogrulyk we hakykat nuruň miwesidir.


Şonda durmuşyňyz Isa Mesih arkaly amala aşýan dogry işlerden dolup-daşar, siz Hudaýa öwgi we şan-şöhrat getirersiňiz.


Çünki Hudaý Öz göwnünden turýan işleri etmek üçin size gujur-gaýrat berip, sizdäki işini amal edýär.


Maňa kuwwat berýän Isa Mesih arkaly ähli zady başarýaryn.


Gaýtam, olaryň özleri siziň bizi kabul edişiňiz barada gürrüň berýärler. Şeýle-de siziň butlardan ýüz öwrüp, Hudaýa tarap öwrülendigiňizi aýdyp berýärler. Siz indi hakyky, diri Hudaýa gulluk edýärsiňiz we Onuň ölümden direlden Ogly Isanyň göklerden gelmegine garaşýarsyňyz. Isa Mesih biziň ählimizi gelejekdäki gazapdan halas edýändir.


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ