Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 14:5 - Mukaddes Kitap

5 «Olaryň biwepalygyna melhem ederin. Men olary çäksiz söýerin. Çünki Meniň gazabym olardan sowuldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 «Оларың бивепалыгына мелхем эдерин. Мен олары чәксиз сөерин. Чүнки Мениң газабым олардан совулды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 14:5
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

daň şapagy ýalydyr, aýdyň asmanda dogan Gün ýaly, otlaryň ýagyşdan soňky ýalkymydyr“.


Ýahuda nesilleriniň gutulyp aman galanlary ýene-de aşakda kök urup, ýokarda miwe bererler.


Köklerim suwlara tarap ýaýrap, şahalaryma bütin gije çyg düşýär.


Ýeri-gögi ýaradan Reb, goý, size Siondan ak pata bersin.


Muňa akyl ýetirjek bolup pikire batdym, emma tä Hudaýyň mukaddes öýüne girýänçäm, bu maňa juda kyn bolup göründi. Şondan soň erbetleriň soňuna düşünip galdym.


Şoňa görä tekepbirlikleri boýunlaryny monjuk kimin bezeýär, zulum olary eginbaş kimin büreýär.


Diňle, eý, halkym, habardar edeýin seni: eý, Ysraýyl, wah, diňlän bolsadyň Meni!


Patyşanyň gazaby arslan nagrasy kimindir, onuň razylygy bolsa otlaryň üstüniň çygy ýalydyr.


Söýgülim meniňki, men-de onuňkydyryn; sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol.


Maýsalykda otlaýan ekiz jeren owlagyna ogşaýar iki göwsüň.


Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz: «Ýa, Reb Saňa şükür ederin, Sen bize gaharlanan hem bolsaň, gaharyň sowuldy, teselli berdiň bize Sen.


Reb maňa şeýle diýdi: «Günüň howurly yssysy dek, hasyl wagtyndaky çygly bulut dek, mesgenimden ümsüm serederin».


Emma ölüleriň ýaşar, jesetler direler. Eý, toprak astynda ýatanlar, oýanyň, şatlykdan aýdym aýdyň! Çygyň ertiriň çygy kimindir, toprakdaky merhumlar ýaşaýşa ýeter.


Geljekde Ýakup kök urar, Ysraýyl gunçalap güllär, ýer ýüzüni miweden doldurar.


Gül-pürçük bolar ol, şatlykdan, guwançdan ýaňa nagma aýdar. Liwanyň gözelligi, Karmeliň, Şaronyň görki berler oňa. Olar Rebbiň şöhratyny, Hudaýymyzyň şan-şöhratyny görerler.


Men suwsuz topraga suwlar dökerin, gury ýerlere çeşmeler akdyraryn; nesilleriňiň üstüne Ruhumy, perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin.


Eý, gökler, ýokardan ýagdyryň, bulutlar dogrulyk ýagdyrsyn; ýer açylyp, gutulyş miwesini bersin, onuň bilen birlikde dogrulyk bitsin; bulary Men – Reb ýaratdym».


Olaryň ýollaryny gördüm, ýöne şonda-da olara şypa bererin, olara we ýas tutýanlara ýol görkezip, teselli bererin.


Dillerinde öwgini Men ýaratdym, uzakdakylara-da, ýakyndakylara-da rahatlyk, uly rahatlyk bererin, olara şypa bererin».


«Dolanyň, eý, biwepa perzentler, Men biwepalygyňyza şypa bererin». Halk diýer: «Ine, biz Seniň ýanyňa gelýäris, çünki Hudaýymyz Reb Sensiň!»


Men olara ýagşylyk etmekden şatlanaryn we hakykatdan hem tutuş janym-tenim bilen olary bu ýurtda ornaşdyraryn“.


Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň. Ol daň şapagy ýaly takyk geljek. Ol ýagyş ýaly bize geljek, topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek».


Ýakubyň neslinden aman galanlary köp halklaryň arasynda Rebbiň iberen çygy dek, ynsana garaşmaýan, adamzatdan çözülmeýän, ot üstüne ýagýan çabga dek bolarlar.


Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.


Näme üçin egin-eşigiň aladasyny edýärsiňiz? Meýdandaky liliýalaryň nähili ösüşine serediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler.


Liliýalaryň ösüşine syn ediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler. Emma Men size diýýärin, hatda Süleýman hem özüniň bütin şan-şöhratynda bularyň hiç biri ýaly geýinmändi.


Isa Mesih imanyňyz arkaly ýürekleriňizde ýaşasyn. Şeýle-de, men söýginiň sizde kök urup ornaşmagyny, Mesihiň söýgüsiniň nähili giň, uzyn, belent we çuňňurdygyna Hudaýyň ähli halky bilen birlikde düşünmegiňizi Hudaýdan dileýärin.


Taglymatym ýagyş deý ýagsyn, sözlerim çyg deý düşsün. Ýagsyn ot üstüne çisňeýän ýagmyr deý, maýsalaryň üstüne inýän çabga deý!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ