Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 14:1 - Mukaddes Kitap

1 Samariýa halky öz günäsiniň jezasyny çeker. Çünki Hudaýa garşy çykdylar. Olar gylyçdan heläk bolarlar. Balalary ýere ýazylyp parçalanar. Hamyla aýallarynyň garny ýarylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Самария халкы өз гүнәсиниң җезасыны чекер. Чүнки Худая гаршы чыкдылар. Олар гылычдан хеләк боларлар. Балалары ере язылып парчаланар. Хамыла аялларының гарны ярылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 14:1
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hazaýyl ondan: «Jenabym, sen näme üçin aglaýarsyň?» diýip sorady. Elýaşa şeýle jogap berdi: «Men seniň ysraýyl halkynyň başyna ýowuz günleri getirjekdigiňi bilip aglaýaryn. Sen olaryň galalaryna ot berip, söweşde olaryň iň oňat esgerlerini gylyçdan geçirersiň, olaryň çagalarynyň kellelerini ýenjip, göwreli aýallarynyň garynlaryny dilersiň».


Reb Müsüri jezalandyrar, ýene-de Özi olara şypa berer. Müsürliler Rebbe dolanarlar, Reb-de olaryň ýalbarmalaryny diňläp, olara şypa berer.


Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar, dönükligiňiz paş eder. Öz Hudaýyňyz Rebbi terk etmegiň, Ondan gorkmazlygyň pislikdigini, ajydygyny biliň hem görüň. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.


«Eý, Ysraýyl! Eger dolanmak isleseň, Maňa tarap dolan. Eger azaşmasaň, ýigrenji butlaryňy huzurymdan aýyrsaň, hakykatda, adyllykda we dogrulykda „Diri Rebden ant içýärin!“ diýseň, onda milletler Rebden pata alarlar, Onuň bilen magtanarlar». Muny Reb aýdýandyr.


Başymyzdan täç gaçdy. Waý halymyza! Çünki günä etdik.


Gyzlary bilen birlikde seniň demirgazyk tarapyňda ýaşaýan uly uýaň Samariýadyr, gyzlary bilen seniň günorta tarapyňda mesgen tutan kiçi uýaň Sodomdyr.


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Öz barlygymdan ant içýärin. Men erbet adamyň ölüminden däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüň! Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?“.


Men erbet adama „Sen hökman ölersiň“ diýenimde, ol öz günäsinden dönüp, adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirse,


Özüňiz üçin dogrulyk ekip, sadyk söýgi hasylyny oruň. Tarp ýeriňizi işläň. Çünki Rebbe dileg etmek wagty geldi. Ol dogrulygy üstüňize ýagdyrar.


Indi sen Hudaýyň kömegi bilen oňa dolan. Sadyk söýgini we adalatlylygy saklap, hemişe öz Hudaýyňa umyt baglap göz dik.


«Men baýadym – diýer Efraýym. – Özüm üçin gor topladym. Men näme iş edenem bolsam, hiç kim menden günä tapmaz».


Men seni ýok ederin, eý, Ysraýyl. Kim saňa kömek eder?


Ruhanylar Meniň halkymyň günäsi bilen beslenip, olaryň köpräk etmiş etmegine jan çekýärler.


Ysraýylyň tekepbirligi özüne garşy şaýatlyk edýär. Ysraýyl hem Efraýymyň günälerine büdräp ýykylar. Ýahuda hem birlikde ýykylar.


«Geliň, Rebbe dolanalyň. Ol bizi parçalady. Özi şypa berer. Bizi ýaralady. Indi ýaramyzy daňar.


Men Efraýymy Sur galasy ýaly, otluk ýaýlada gördüm. Emma Efraýym öz ogullaryny jelladyň eline berjek».


Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar.


Reb şeýle diýýär: «Men ammonlary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar öz çäklerini giňeltmek üçin Gilgadyň göwreli aýallarynyň garnyny ýardylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ