Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 13:15 - Mukaddes Kitap

15 Efraýym doganlarynyň arasynda barly-barjamly bolsa-da, Gündogardan epgek, çölden Rebbiň ýeli öwser. Onuň çeşmesi kesiler, guýusy gurap galar. Hazynasyndan şaý-sepleri talanar».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Эфрайым доганларының арасында барлы-барҗамлы болса-да, Гүндогардан эпгек, чөлден Реббиң ели өвсер. Онуң чешмеси кесилер, гуюсы гурап галар. Хазынасындан шай-сеплери таланар».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 13:15
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olardan soň bolsa ýedi sany gündogar ýeline guran puç sümmül ösüp çykýarmyş.


Ol ikinji ogly bolanda: «Jebir çeken topragymda Hudaý meni örňetdi» diýip, onuň adyna Efraýym dakdy.


Olardan soň bolsa gündogar ýeline guran ýedi sany puç däne sümmüli ösüp çykýarmyş.


Ýöne kakasy beýle etmedi. Ol Ýusuba: «Bilýän, oglum, bilýän. Manaşa hem beýik bolar we onuň nesillerinden hem beýik halk dörär. Emma onuň inisi Efraýym, agasyndan has beýik bolar we onuň nesillerinden juda köp milletler dörär» diýdi.


Ýusup bir miweli agaçdyr, bulak başyndaky miweli daragtdyr, şahalary diwardan aşýar.


Kökleri guraýar aşakda, şahalary solýar ýokarda.


Erbetler bolsa beýle däldir, olar ýeliň sowran harpygy ýalydyr.


Atalarynyň etmişleri zerarly, ogullaryny öldürmäge taýynlaň, olar galyp, dünýäni eýelemesinler, ýer ýüzüni şäherlerden doldurmasynlar.


Milletler güýçli tolkunlaryň uwlaýşy dek uwlaşarlar, emma Ol olara käýär, daglardaky şemala uçýan çöp-çalam deý, uzaklara gaçarlar olar, tüweleýiň öňündäki togalanýan toz deý togalanarlar.


Reb Ysraýyla höküm etdi, kowup, sürgün etdi; olary gazaply demi bilen kowup çykardy, gündogardan öwüsýän ýel dek.


Siz olary sowrarsyňyz, şemal olary uçuryp äkider, harasat olary pytradar. Onsoň siz Rebde şatlanarsyňyz, Ysraýylyň Mukaddesinde şöhratlanarsyňyz.


Men bu şäheriň ähli baýlygyny, mal-mülküni, gymmatbaha zatlary bilen Ýahuda patyşalarynyň ähli genji-hazynalaryny duşmanlarynyň eline bererin. Olara talaň salyp, ähli zatlaryny Babyla äkiderler.


Şol wagt bu halka we Iýerusalime şeýle diýler: «Sähradaky ýalaňaç gaýalardan eziz halkymyň üstüne gyzgyn epgek öwser, bu harman sowurmak ýa-da arassalamak üçin däldir.


Menden gelen bu epgek bulardan has güýçli bolar. Olara garşy höküm eden Men-Rebdirin.


Reb şeýle diýýär: «Men Babylyň, ýagny Lebkamaýyň ilatynyň garşysyna heläkleýji ýel turzaryn.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Men seniň hakyňy alyp bererin, seniň öjüňi alaryn, Babyl deňzini takyradaryn, çeşmesini guradaryn.


Ol ekilse-de, boý alyp ösermi? Gündogar şemaly uranda bütinleý guramazmy? Öz gögeren keşlerinde solmazmy?»


Ýöne ony gazap bilen sogrup ýere taşladylar; gündogar ýeli miwesini guratdy, berk şahalary goparylyp soldy, olary ýalynly ot ýakyp ýok etdi.


Olaryň hudaýlaryny, butlaryny, kümüşden we altyndan ýasalan gymmatbaha gap-gaçlaryny olja hökmünde Müsüre getirer. Onsoň ol birnäçe ýyllap demirgazyk patyşasynyň üstüne çozmaz.


Ysraýyl bir gür şahaly üzüm agajydy, bol-bol miwe getirdi. Miwesi artdygyça, şonça köp gurbanlyk sypasyny gurdy. Topragy bereketli boldugyça, dikme daşlaryny bezedi.


Aýyrmasa Men ony edil doglan wagtyndaky ýaly çuw-ýalaňaç ederin. Ony boş çöle, gury topraga öwrerin. Teşnelikden öldürerin.


Ýel olary ganatyna orap alar. Olar gurbanlyklary sebäpli masgara bolarlar».


Bir guş kimin Efraýymyň şöhraty uçup gider. Olardan çaga önmez, ne hamyla bolar, ne-de göwrede çaga galar.


Gün doganda, Hudaý gündogardan epgek öwüsdirdi. Gün Ýunusyň depesini gaýnadyp başlady, onda ysgyn-mydar galmady. Ol özüne ölüm diläp: «Ýaşanymdan ölenim gowudyr» diýdi.


Kümşi talaň, Altyny talaň! Tükeniksiz hazyna! Ummasyz baýlyk!


Ol ilkinji doglan öküz ýaly haýbatlydyr, ýabany öküziňki kimindir onuň şahlary. Bir şahy Efraýymyň on müňüsidir, beýlekisi Manaşanyň müňüsidir. Ol halklary şahlary bilen süser, ýeriň ol ujuna çenli olary kowar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ