Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 13:13 - Mukaddes Kitap

13 Ol akylsyz oguldyr. Burgy azaby başlanda – wagty gelende, ol ýatgydan çykmaýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Ол акылсыз огулдыр. Бургы азабы башланда – вагты геленде, ол ятгыдан чыкмаяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 13:13
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Işaýa pygambere şeýle diýdiler: «Hizkiýa patyşa şeýle diýýär: „Şu gün biz hasrat, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biziň ýagdaýymyz dünýä injek bolup duran balasyny dogurmaga mejaly galmadyk aýalyňky ýalydyr.


Muşakgatlyk wagtynda, duşmanlar nähak ýere maňa hüjüm edende, men näme üçin gorka düşeýin?


Paýhasly adam howpy görüp gizlenýändir, nadan göni gidip jeza alýandyr.


Dowla düşer olar, yza hem gaýgy basar; burgusy tutýan deý, agyry çeker olar, aňalyp birek-birege bakarlar, ýüzleri ýalyn dek lowlar.


Munuň üçin sanjy tutdy bilimden, dogurýan aýalyň burgusy dek, burgular tutdy meni; eşidýänlerimden ýaňa iki büküldim, görýänlerimden ýaňa gorky gaplady.


Dogurmak pursady ýakynlaşanda, burgudan ejir çekip, gygyrýan aýal nähili bolsa, biz-de, ýa Reb, Seniň öňüňde şeýle bolduk.


Olar Işaýa pygambere şeýle diýdiler: «Hizkiýa patyşa şeýle diýýär: „Şu gün biz hasrat, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biziň ýagdaýymyz kuwwaty bolmadyk göwreli aýalyň çaga dogurýan bolşy ýalydyr.


«Men dogurma pursadyna ýetiribem, dogurtmaýynmy?» diýýär Reb. «Dogurmaga güýç berýän Men ýatgyny ýaparynmy?» diýýär Hudaýyň.


Ýolbaşçy edip ýetişdiren adamlaryňy Reb özüňe hojaýyn etse, näme diýersiň? Dogurýan aýalyň burgusy ýaly seni-de sanjy tutmazmy?


Eý, Liwanda mesgen tutan, kedr agaçlarynda höwürtge ýasan! Seni çaga dogurýanyňky ýaly burgydyr sanjy gurşanda, çekersiň ahy-nala!


Indi soraň, görüň, heý, erkegem çaga dograrmy? Näme üçin çaga dogurýan aýal ýaly erkekleriň ellerini bilinde görýärin? Näme üçin hemmäniň ýüzi soluk?


Men burgusy tutýan aýalyň sesini, ilkinji çagasyny dogurýanyň iňňildisini, ellerini uzadyp: «Waý halyma! Ganhorlaryň öňünde janym tapdan düşýär-le!» diýip, sojaýan Sion gyzynyň agysyny eşitdim.


Damask mejalsyz galdy, gaçjak bolup öwrülende, ony gorky gaplady. Çaga dogurýan aýal kimin ony sanjy we agyry tutdy.


Bularyň eden işleri Hudaýa dolanmaga goýmaýar. Çünki olaryň kalbynda zyna ruhy bar. Rebbi hem tanamaýarlar.


Aýal dogurjak wagty agyry çekýändir, sebäbi aýy-güni dolandyr. Emma çaga doglandan soň, ol çaganyň dünýä inenliginiň şatlygy bilen gaýgy-gussany unudar.


Pawlus dogrulyk, özerklilik hem geljek höküm hakda söhbet edende, Feliks gorkup: «Boldy, häzirlikçe git, amatly pursat gelende, ýene seni çagyrdaryn» diýdi.


Çünki Hudaý şeýle diýýär: «Merhemet görkezjek döwrümde seni eşitdim, gutulyş gününde Men kömek etdim». Ine, indi merhemet günüdir, indi gutulyş günüdir!


Eý, akmak hem nadan halk, şumy Rebbe jogabyňyz? Sizi ýaradyp, berkarar eden, Ol – Atamyz dälmi?


Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ