Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 13:10 - Mukaddes Kitap

10 Seni halas eder ýaly, seniň patyşaň nirede? Sen: „Maňa patyşa hem hökümdar ber“ diýipdiň. Seniň şäherleriňdäki hökümdarlar nirede?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Сени халас эдер ялы, сениң патышаң ниреде? Сен: „Маңа патыша хем хөкүмдар бер“ дийипдиң. Сениң шәхерлериңдәки хөкүмдарлар ниреде?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 13:10
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýarobgamyň gaýdyp gelendigini eşiden bütin ysraýyl halky onuň ýanyna adam ýollap, ony ýygnanyşyga çagyryp, tutuş Ysraýyla patyşa etdiler. Ýahuda tiresinden başga Dawudyň nesilleriniň yzyna düşen bolmady.


Emma Aşur patyşasy Hoşeýanyň dönüklik edýänini gördi, çünki Hoşeýa Müsür patyşasy Sonuň ýanyna çaparlar ýollapdy hem-de ol her ýylkysy ýaly Aşur patyşasyna tölemeli salgydyny tölemändi. Şonuň üçin hem Aşur patyşasy ony tutup tussaghana saldy.


Ysraýyl Ýaradanyna şatlansyn! Sion perzentleri Şasyna, goý, begensin!


Eý, edermen, dak gylyjy biliňe, beslen şöhratyňa hem-de şanyňa.


Reb biziň kazymyzdyr, biziň kanun çykaryjymyzdyr, Reb patyşamyzdyr, Ol bizi halas eder.


Siziň Mukaddesiňiz, Ysraýyly Ýaradan, Patyşaňyz Reb Mendirin».


Hany, özüňize ýasan hudaýlaryňyz nirede? Başyňyzdan bela inende, sizi halas edip bilýän bolsalar, goý, gelsinler. Eý, ýahuda halky, şäherleriň sany näçe bolsa, hudaýlaryňyň sany hem şonçadyr.


Ine, eziz halkymyň perýady ýeriň aňry ujundan eşidilýär: «Reb Sionda dälmidir? Onuň Patyşasy ol ýerde dälmi?» «Näme üçin olar özleriniň ýigrenji zatlary, özge nejislikleri bilen gaharymy getirdiler?»


Dirilik nepesimiz, Rebbiň seçip-saýlany olaryň çukuryna gaçdy. Biz ol hakda: «Onuň saýasynda milletler arasynda ýaşarys» diýipdik.


Olar aýdarlar: «Bizde patyşa ýok, Rebden gorkmaýarys. Patyşa bolsa-da, bize näme edip bilerdi?»


«Seni Müsürden çykaran Hudaýyň Reb Mendirin. Menden başga hudaýy tanamaly dälsiň. Menden başga halasgär ýokdur!


Çünki ysraýyllar uzak wagtlap patyşasyz, hökümdarsyz, gurbanlyksyz, dikme daşsyz, efotsyz, butsuz ýaşarlar. Şondan soň ysraýyllar dolanyp, öz Hudaýy Rebbi hem patyşasy Dawudy gözlärler. Ahyrky günlerde bolsa olar Rebden gorkup, Hudaýyň ýalkawyna dolanarlar.


Olaryň barysy tamdyr ýaly gyzgyn Öz hökümdarlaryny heläk edýärler. Olaryň patyşalarynyň barysy ýykyldy. Hiç biri Meni çagyrmaýar.


Menden soraşman, özlerine patyşalar bellediler. Menden soragsyz serdarlary seçdiler. Kümüşden, altyndan özlerine weýrançylyk getirýän butlar ýasadylar.


Reb tutuş ýer ýüzüniň Şasy bolar. Şol gün Reb ýeke-täk Reb bolar we Onuň ady ýeke-täk at bolar.


Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň! Sen Ysraýylyň Patyşasysyň!» diýdi.


Reb Şamuwele şeýle seslendi: «Halkyň sözüni soňuna çenli diňle. Çünki olar seni däl-de, Meniň özleriniň patyşasy bolmagymy inkär etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ