Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 12:7 - Mukaddes Kitap

7 Efraýym täjirdir, elindäki galp terezisi bilen aldamagy söýýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Эфрайым тәҗирдир, элиндәки галп терезиси билен алдамагы сөййәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 12:7
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň ýigreneni galp terezidir, dogry ölçegden bolsa göwni hoş bolýandyr.


Dogry terezi we gapan Rebbiňkidir, torba içindäki ähli çekim daşlary Onuň işidir.


Ynsan ynsana, goňşy goňşusyna sütem eder, ýaşlar ýaşululary, garamaýak adamlar abraýly adamlary sylamazlar.


Reb şeýle diýýär: «Adalaty saklaň, dogry işleri ediň, ine, Men tizara azat etmäge gelerin, halas edişimi aýan ederin.


Hökmürowan Reb Iýerusalime şeýle diýýär diý: „Seniň aslyň, doglan ýeriň Kengan ýurdudyr. Seniň kakaň amor, ejeň het tiresindendir.


Ýurduň halky biri-birini ezip, talaňçylyk etdi, garyba we mätäje zulum etdi, nähak ýere gelmişege sütem etdi.


Söwdada çuň danalygyň bilen baýlygyňy köpeltdiň, baýlygyňdan ýaňa ýüregiňi gedem tutduň“».


Eý, Ysraýyl, Beýik Hudaýyňa dolan. Sen etmişleriň sebäpli büdrediň.


Reb heniz şuny aýdýandyr: «Agyz bekläp, aglap, ýas tutup, tutuş ýüregiňiz bilen Maňa öwrüliň.


Pukaralaryň başyny toprak astynda depgiläp, ezilenleri ýoldan itekläp aýyrýarlar. Ogly-da, atasy-da bir aýalyňka gidip, mukaddes adymy harlaýarlar.


Aşdot we Müsür galalaryna şuny jar ediň: «Samariýanyň daglaryna ýygnanyň. Şäheriň içindäki başagaýlygy, onuň arasyndaky zulumy görüň».


Eý, Samariýa dagyndaky Başanyň mal heleýleri! Siz pukaralara sütem edip, mätäçleri ezýänler, ärleriňize: «Içmäge bir zat getir» diýýänler! Bu sözlere gulak salyň.


Garybyň elinden bugdaý hem saman hakyny zorluk bilen alanyňyz üçin, daşdan ýonulan jaýlar gursaňyz-da, siz olarda ýaşamarsyňyz, gözel üzüm baglaryny oturtsaňyz-da, olaryň şerabyny içmersiňiz.


Düşeginde pislik oýlaýanlaryň, niýetini ýamana düwýänleriň, dat gününe! Daň atanda niýetlerini amala aşyrýarlar, çünki olaryň muňa güýji ýetýär.


Ýer ýüzünde wepadar galmady, ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok. Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary, dogan dogana duzak gurýar.


Iýerusalimdäki hem-de Ýahudadaky her bir gazan Hökmürowan Rebbe bagyş ediler. Gurbanlyk bermäge gelenler olary gurbanlyk etini bişirmek üçin ulanarlar. Şol günden beýläk Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynda ýekeje-de söwdagär bolmaz.


Perişde: «Bu şerdir» diýdi. Aýaly küýzäniň içine itekläp goýberdi-de, gurşun gapagy mäkäm ýerine ýapdy.


«Hökmürowan Reb şeýle diýdi: „Adalatly höküm çykaryň, biri-biriňizi söýüň we rehim-şepagatly boluň;


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.


Ol kepderi satýanlara: «Bulary bu ýerden ýok ediň! Atamyň öýüni bazara öwürmäň!» diýdi.


Ekinleriňizi oran orakçylary aldap, iş hakyny bermediňiz, bu şol pullaryň perýadydyr. Orakçylaryň dady-perýady Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi.


Ine, men. Rebbiň we Onuň seçip-saýlanynyň huzurynda men barada şaýatlyk ediň: heý, men biriňiziň öküziňizi ýa eşegiňizi aldymmy? Heý, biriňize al saldymmy ýa biriňizi ynjytdymmy? Ýa biriňizden para alyp, onuň etmişine göz ýumdummy? Eger şeýle bolsa, meniň garşyma şaýatlyk ediň, men olary size gaýtaryp bereýin».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ