5 Hökmürowan Hudaý – Reb Onuň tanalýan adydyr!
5 Хөкмүрован Худай – Реб Онуң таналян адыдыр!
Ýakup oýanyp: «Hakykatdan-da, Reb şu ýerde. Men muny bilmändirin!» diýdi.
Ýakup ol ýeri «Peniýel» diýip atlandyrdy. Ýakup: «Çünki men Hudaýy ýüzbe-ýüz görübem, diri galdym» diýdi.
Ýakup Padanaramdan gaýdyp gelenden soň, Hudaý Özüni Ýakuba ýene-de aýan edip, oňa pata berdi.
Gyzyl deňzi ikä bölen Oldur, Onuň söýgüsi baky.
Çünki meniň gaýam hem galam Sensiň; Öz adyň hatyrasyna ýol görkez maňa, meni ugrukdyr.
Hudaý Musa ýene-de şulary aýtdy: «Ysraýyllaryň ýanyna seni ata-babalaryňyzyň Hudaýy bolan Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň iberendigini aýt. Bu Meniň ebedilik adymdyr, şu at bilen Men nesilme-nesil ýatlanaryn.
Men Rebdirin. Bu Meniň adymdyr; şöhratymy başga hiç kese, öwgülerimi butlara bermerin.