Musa halka şeýle diýdi: «Bu güni ýatda saklaň, çünki siz bu gün gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykdyňyz. Ol ýerden Reb sizi Özüniň beýik güýji bilen alyp çykdy. Hamyrmaýaly çörek iýilmeli däldir.
Şundan soň, Ysraýyl goşunynyň öňünden ýöreýän Hudaýyň perişdesi olaryň yzyna geçdi. Olaryň öňünden süýşüp barýan bulut sütüni hem olaryň arka tarapyna geçip,
Ol ýerde Men oňa üzüm bagyny bererin. Akor deresini Umyt geçelgesine öwrerin. Şonda ýaşlyk günlerinde bolşy ýaly, Müsür topragyndan çykanda bolşy kimin, aýdymlar aýdar.
Men onuň bilen syrly däl-de, açyk, ýüzbe-ýüz gepleşýärin. Hatda ol Men Rebbiň keşbini-de görýär. Siz näme üçin gulum Musanyň ýüzüne gelmäge gorkmadyňyz?“»
Sen Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şeýle diý: „Sergezdan siriýaly meniň ata-babamdy. Ol birnäçe adam bilen Müsüre gitdi we ol ýerde gelmişek bolup ýaşady. Ondan köp sanly beýik, güýçli halk emele geldi.
Ýakup Müsüre gidende, müsürliler olary ezdiler, şonda siziň ata-babalaryňyz Rebbe perýat etdiler. Onsoň Reb Musa bilen Haruny iberip, olary Müsürden alyp çykdy we şu ýerde ornaşdyrdy.