Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 12:11 - Mukaddes Kitap

11 Gilgatda etmiş bar, olaryň halky nämynasyp. Gilgalda öküzleri gurbanlyk etdiler. Şol sebäpli olaryň gurbanlyk sypasy sürlen meýdandaky daş üýşmegi ýaly bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Гилгатда этмиш бар, оларың халкы нәмынасып. Гилгалда өкүзлери гурбанлык этдилер. Шол себәпли оларың гурбанлык сыпасы сүрлен мейдандакы даш үйшмеги ялы болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 12:11
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn».


Emma Reb şonda-da ähli pygamberler we görgürler arkaly ysraýyl we ýahuda halklaryna duýduryş berip, şeýle diýipdi: «Siz bu pis ýollaryňyzdan dönüň, atalaryňyza tabşyran, gullarym pygamberler arkaly size ýollan kanunyma görä Meniň tabşyryklarymy we parzlarymy berjaý ediň».


Bular biderekdir, masgarabazlaň işidir; jezalandyranymda olar ýok bolarlar.


Olaryň bary akmak hem akylsyzdyr. Biderek butlardan tälim alýarlar, olar guran agaçdan ýasalandyr!


Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp: ‘Saňa gulluk etmerin’. Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdiň serlip ýatyp.


Hany, özüňize ýasan hudaýlaryňyz nirede? Başyňyzdan bela inende, sizi halas edip bilýän bolsalar, goý, gelsinler. Eý, ýahuda halky, şäherleriň sany näçe bolsa, hudaýlaryňyň sany hem şonçadyr.


«Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halkyna bir matal ber, bir tymsal aýt.


Ysraýyl bir gür şahaly üzüm agajydy, bol-bol miwe getirdi. Miwesi artdygyça, şonça köp gurbanlyk sypasyny gurdy. Topragy bereketli boldugyça, dikme daşlaryny bezedi.


Olaryň ýüregi ýalançylykdan doldy. Ýazyklaryna görä jeza alarlar. Reb olaryň gurbanlyk sypalaryny dargatjak, dikme daşlaryny syndyrjak.


Eý, Ysraýyl, sen zyna etseň-de, Ýahuda bir günäli bolmasyn. Siz Gilgala girmäň, Beýtawene bolsa barmaň. „Rebden ant içýärin“ diýip kasam etmäň.


Gilgat ýamanlaryň şäheri, gana boýalan aýak yzlaryndan doludyr.


Efraýym günä gurbanlyk bermäge, köp gurbanlyk sypalaryny gurdy. Bu gurbanlyk sypalary günä mesgeni boldy.


Reb diýýär: «Olaryň Gilgaldaky ýaramaz işleri üçin, şol ýerde olary ýigrendim. Men olary öýümden kowaryn. Indi Men olary halamaryn. Bar hökümdary Maňa garşy baş göterdiler.


Baryň, Beýtele gidip, günä ediň, Gilgala gidip, ýazygyňyzy artdyryň, her gün ertirine gurbanlyklaryňyzy, her üç günden gazanjyňyzyň ondan birini getiriň.


Emma Meni Beýtelden agtarmaň, Gilgala girmäň, Beýerşeba geçmäň, çünki Gilgal hökman sürgün ediler, Beýtel hem hiç zat bolup galar».


Ýa Reb, jandan umyt üzenimde, Seni çagyrdym. Öz mukaddes ybadathanaňda sözümi eşitdiň.


Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň: „Eger araňyzda pygamberler bar bolsa, Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip, Olar bilen düýşde gepleşýärin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ