Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 12:1 - Mukaddes Kitap

1 Efraýym ýel bilen naharlanýar. Uzakly gün gündogardan gelen ýeli kowalaýar. Ýalançylygy, zulumy artdyrýar. Aşur bilen şertnama baglaşyp, Müsüre zeýtun ýagyny gönderýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Эфрайым ел билен нахарланяр. Узаклы гүн гүндогардан гелен ели ковалаяр. Яланчылыгы, зулумы артдыряр. Ашур билен шертнама баглашып, Мүсүре зейтун ягыны гөндерйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 12:1
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olardan soň bolsa gündogar ýeline guran ýedi sany puç däne sümmüli ösüp çykýarmyş.


Aşur patyşasy Pul Ysraýyla hüjüm etdi. Menahym öz patyşalygyny kuwwatlandyrmaga kömek ederi ýaly, Pula bir müň ýedi ýüz batman kümüş berdi.


Mundan başga-da, Ýehoram Ýahuda daglygyndaky butlara seždegähleri gurdy. Ol Iýerusalimiň ilatyna Hudaýa biwepalyk etdirip, Ýahudany azdyrdy.


«Akylly adam boş sözler bilen jogap berermi? Özüni gündogar şemalyndan doldurarmy?


Neçün yzly-yzyna edýärsiň sen dönüklik? Aşurda masgara bolşuň dek, masgara bolarsyň Müsürde hem.


Ähli ýolbaşçylaryňy ýel äkider, oýnaşlaryň sürgün ediler. Şonda eden pislikleriňden ýaňa, utanja galyp, bolarsyň ryswa.


Ähli garyndaşlaryňyzy, tutuş efraýym nesillerini kowşum ýaly, sizi hem huzurymdan kowaryn“.


Doýa-garna çörek iýmek üçin Müsüre we Aşura elimizi serdik.


Ol ekilse-de, boý alyp ösermi? Gündogar şemaly uranda bütinleý guramazmy? Öz gögeren keşlerinde solmazmy?»


Efraýym ýalançylyk, Ysraýyl hile-mekirlik bilen daşymy gurşady. Ýahuda bolsa heniz Hudaý bilen ýöreýär. Mukaddes Bolana sadyk bolýar.


Gyzgyn gazabymy başyňyza indermerin. Efraýymy ýaňadan weýran etmerin. Çünki Men ynsan däl, Hudaýdyryn. Siziň araňyzda Mukaddes Bolan. Men gazap bilen gelmerin.


Eý, Ysraýyl, sen zyna etseň-de, Ýahuda bir günäli bolmasyn. Siz Gilgala girmäň, Beýtawene bolsa barmaň. „Rebden ant içýärin“ diýip kasam etmäň.


Ýel olary ganatyna orap alar. Olar gurbanlyklary sebäpli masgara bolarlar».


Efraýym keselini, Ýahuda ýarasyny görende, Efraýym Aşuryň ýanyna gitdi. Beýik patyşadan ýardam isledi. Ýöne ol size şypa berip bilmez, ýaraňyza em etmez.


«Men Ysraýyla em etjek bolsam, Efraýymyň günäleri, Samariýanyň pislikleri aýan bolar. Çünki olar hile gurýarlar. Öýlere ogry girýär, köçede talaňçylyk edýärler.


Efraýym samsyk we akylsyz gögerçin ýaly, ýa müsürlileri çagyrýar, ýa Aşura gidýär.


Olar ýel ekip, tupan orarlar. Sümmülsiz bugdaý un bermez. Hasyl beräýse-de, özgeler iýer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ