Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 11:7 - Mukaddes Kitap

7 Menden dänmek pikiri halkymyň ýüregine kök urdy. Beýik Hudaýy çagyrsalar-da, olara hiç medet bermez.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Менден дәнмек пикири халкымың йүрегине көк урды. Бейик Худайы чагырсалар-да, олара хич медет бермез.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 11:7
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Wyždansyz öz ýollaryndan, ýagşy adam öz edeninden kanagatlanar.


Pisler merhemet gazansalar-da, dogrulygy öwrenmezler, adalatsyzlyk ederler, dogrularyň ýurdunda. Rebbiň şan-şöhratyny görmezler.


Etmişlerimiz bize garşy şaýatlyk etse-de, Öz adyňyň hatyrasyna bir zat edäý, ýa Reb! Biziň dönükligimiz çökderdir juda, çünki biz Saňa garşy etdik günä.


Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar, dönükligiňiz paş eder. Öz Hudaýyňyz Rebbi terk etmegiň, Ondan gorkmazlygyň pislikdigini, ajydygyny biliň hem görüň. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Reb maňa şeýle diýdi: «Biwepa Ysraýyl haýyn Ýahuda garanda adyl bolup çykdy.


Ata-babalaryňyzyň Müsürden çykan gününden tä şu güne çenli Men siziň ýanyňyza gullarym bolan pygamberlerimiň ählisini her gün yzly-yzyna iberdim.


Emma halk Meni diňlemedi, Maňa gulak asmady, gaýtam boýnuýogynlyk edip, ata-babalaryndan hem beter pislik etdi“.


Näme üçin bu halk ýoldan çykdy? Iýerusalim dyngysyz dönüklik edýär. Olar ýalana berk ýapyşyp, yza dolanmakdan boýun towlaýar.


Olar çagyryldygyça, Menden şonça uzaklaşdylar. Bagal butuna gurbanlyk berdiler, butlara ýakymly ysly tütetgi ýakdylar.


Aşur bizi halas edip bilmez. Söweşe atlanmarys. Indi el bilen ýasan işimize „hudaýymyz“ diýmeris. Çünki ýetim Senden merhemet tapýar».


Çünki Ysraýyl boýun egmezek göle ýaly hötjet boldy. Indi Reb olary otluk ýerde, giň örüde tokly bakan ýaly bakyp bilermi?


Olar ýok zada ýüz tutýarlar. Olar ygtybarsyz ýaýa meňzeýärler. Olar zäherli dilinden, emeldarlary gylyçdan ýykylar. Munuň üçin Müsürde olaryň üstünden güljekler».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ