Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 11:5 - Mukaddes Kitap

5 Olar Müsüre dolanarlar. Aşur olara patyşalyk eder. Çünki olar tobany terk etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Олар Мүсүре доланарлар. Ашур олара патышалык эдер. Чүнки олар тобаны терк этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 11:5
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aşur patyşasy Pul Ysraýyla hüjüm etdi. Menahym öz patyşalygyny kuwwatlandyrmaga kömek ederi ýaly, Pula bir müň ýedi ýüz batman kümüş berdi.


Ysraýyl patyşasy Pekanyň döwründe Aşur patyşasy Tiglatpileser gelip, Yýony, Abelbeýtmagakany, Ýanowany, Kedeşi, Hasory, Gilgady, Jeliläni we tutuş Naftaly ýurduny basyp alyp, olaryň halklaryny Aşura ýesir edip äkitdi.


Göle beýik patyşa üçin sowgat bolup, Aşura äkidiler. Efraýym masgaralanar, Ysraýyl agaç butundan uýada galar.


Efraýym keselini, Ýahuda ýarasyny görende, Efraýym Aşuryň ýanyna gitdi. Beýik patyşadan ýardam isledi. Ýöne ol size şypa berip bilmez, ýaraňyza em etmez.


«Geliň, Rebbe dolanalyň. Ol bizi parçalady. Özi şypa berer. Bizi ýaralady. Indi ýaramyzy daňar.


Olar ýok zada ýüz tutýarlar. Olar ygtybarsyz ýaýa meňzeýärler. Olar zäherli dilinden, emeldarlary gylyçdan ýykylar. Munuň üçin Müsürde olaryň üstünden güljekler».


Maňa gurbanlyklar getirýärler, gurban kesýärler, ýöne eti özleri iýýärler. Reb olardan razy däldir. Indi olaryň günäleri ýatlanar. Etmişlerine görä jeza berler. Olar Müsüre dolanarlar.


Siz Rebbiň topragynda ýaşamarsyňyz. Efraýym Müsüre dolanjak. Aşurda haram zatlar iýersiňiz.


Olar weýrançylykdan gutulsalar-da, Müsür olary ýygnap alar. Memfis şäheri olary gabra gömer. Kümüş hazynasyny demirtiken örter. Çadyrlarynda ýandak biter.


Men Sodom bilen Gomorany ýumruşym ýaly, araňyzdaky köp şäherleri-de ýykyp ýumurdym. Siz otdan çykarylan kesindi mysaly bolduňyz, emma şonda-da Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Ähli şäherleriňizde açlykdan dişiňiziň kirini sordurdym, tutuş ýurduňyzy nana zar etdim, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Munuň üçin sizi Damaskyň aňyrsyna sürgün ederin. Muny Reb aýdýandyr. Onuň ady Hökmürowan Hudaýdyr.


Patyşa özi üçin köp at edinmesin ýa-da özüne köp at edinmek üçin, yzyna Müsüre adamlaryny ibermesin. Çünki Reb size: „Indi siz hiç haçan yzyňyza dolanmarsyňyz“ diýipdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ