Hoşeýa 10:8 - Mukaddes Kitap8 Ysraýylyň günäsi bolan Awendäki seždegähler ýok ediler. Olaryň gurbanlyk sypalarynda ýandak hem gyzgan biter. Olar daglara: «Bizi örtüň!», baýyrlara: «Biziň depämize iniň!» diýerler. အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап8 Ысрайылың гүнәси болан Авендәки сеждегәхлер ёк эдилер. Оларың гурбанлык сыпаларында яндак хем гызган битер. Олар даглара: «Бизи өртүң!», байырлара: «Бизиң депәмизе иниң!» диерлер. အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Ýaňky Hudaýyň adamy Rebbiň tabşyrygy boýunça gurbanlyk sypasyna gygyryp şeýle diýdi: «Eý, gurbanlyk sypasy, Reb şeýle diýýär: „Ine, Dawudyň neslinden bir ogul dünýä iner, onuň ady Ýoşyýa bolar. Ýoşyýa seždegählerde ýakymly ysly tütetgi ýakýan ruhanylaryň özlerini seniň üstüňde gurbanlyk eder. Üstüňde ynsanlaryň süňkleri ýakylar“».
Pesah baýramy tamamlanandan soň, ol ýerdäki bütin ysraýyl halky Ýahuda galalaryna gidip, dikme daşlary kül-owram edip, Aşera butlaryny kesdiler. Bütin ýahuda, benýamin, efraýym we günbatardaky manaşa tireleriniň ýaşaýan ýerlerinde bolan seždegähleri we gurbanlyk sypalarynyň ählisini ýok etdiler. Onsoň ysraýyl halkynyň hersi öz galalaryna, öz mülklerine dolandy.