Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 10:5 - Mukaddes Kitap

5 Samariýada ýaşaýanlar Beýtaweniň gölesi üçin gorkýarlar. Ilaty onuň üçin ýas tutar. Onuň şöhraty bilen joşan butparaz ruhanylar aglaýarlar. Çünki şöhraty ondan gitdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Самарияда яшаянлар Бейтавениң гөлеси үчин горкярлар. Илаты онуң үчин яс тутар. Онуң шөхраты билен җошан бутпараз руханылар аглаярлар. Чүнки шөхраты ондан гитди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 10:5
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Ýehu Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli işlerinden el çekmedi. Ýarobgam Beýteldäki we Dandaky altyn gölelere sežde edip, ysraýyl halkyna günä etdirdi.


Olar Hudaýy Rebbiň ähli tabşyryklaryndan ýüz dönderdiler-de, özleri üçin iki sany guýma göle butuny we Aşera butuny ýasap, asman jisimlerine sežde etdiler we Bagala gulluk etdiler.


Ýahuda patyşalarynyň ýahuda galalarynyň we Iýerusalimiň töweregindäki seždegählerde ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin bellenen butparaz ruhanylary, şeýle hem Bagala, Güne, Aýa, ýyldyzlara we tutuş asman jisimlerine sadakalar hödürleýän ruhanylary wezipelerinden boşatdy.


Ýarobgam seždegählere, öz ýasan but erkeçlerine we gölelerine ruhanylaryny belledi.


Indi siz Dawudyň ogullarynyň elinde bolan Rebbiň patyşalygyna garşy durup bileris diýip pikir edýärsiňiz. Çünki siziň sanyňyz juda köpdür hem-de Ýarobgamyň hudaýlar hökmünde siziň üçin ýasan altyn göleleri ýanyňyzdadyr.


hudaýlar egilýärler, dyza çökýärler, heýkellerini halas edip bilmän, özleri sürgün edilýärler.


Indi günä üstüne günä edýärler. Kümüşden özlerine butlar edinýärler. Butlar ussatlyk bilen ýasalýar. Hemmesi ussanyň işidir. Adamlara: «Gurbanlyk etsinler! Göleleri öpsünler» diýýärler.


Eý, Ysraýyl, sen zyna etseň-de, Ýahuda bir günäli bolmasyn. Siz Gilgala girmäň, Beýtawene bolsa barmaň. „Rebden ant içýärin“ diýip kasam etmäň.


Gibgada şah çal, Ramada surnaý. Beýtawende söweş tebilini uruň. „Biz siziň arkaňyzda, Benýamin“ diýip, Beýtawende jar çekiň.


«Eý, Ysraýyl, şatlanma, beýleki halklar ýaly joşma. Çünki sen zyna edip, Hudaýyňdan uzaklaşdyň. Hemme harman ýerlerinde sen zynanyň muzduna göwün berdiň.


Bir guş kimin Efraýymyň şöhraty uçup gider. Olardan çaga önmez, ne hamyla bolar, ne-de göwrede çaga galar.


«Etmişi üçin Ysraýyly jezalandyran günüm, Beýteliň gurbanlyk sypalaryny-da ýok ederin. Gurbanlyk sypalaryň şahlary kesilip ýere gaçar.


«Ýahuda, hatda Iýerusalime garşy el galdyraryn, Bagal hudaýynyň gullaryny gyraryn, Butparaz ruhanylary ýok ederin.


Biziň bu senedimize halkyň arasynda abraýdan düşmek howpy abanýar. Diňe bu howp däl, eýsem, beýik zenan hudaý Artemisiň buthanasynyň-da hiç zat saýylyp, bütin Aziýa welaýatynyň we dünýäniň sežde edýän hudaýynyň şöhraty puja çykmagy ahmal».


Ýeşuwa Ýerihodan birnäçe adamy Aý galasyna içalylyk etmek üçin iberdi. Aý galasy Beýteliň gündogar tarapynda, Beýtaweniň ýanynda ýerleşýärdi. Iberilen adamlar Aý galasyna gitdiler we ol ýerleri gowy gözden geçirdiler.


Mika olara: «Siz meniň ýasadan hudaýlarym bilen ruhanymy alyp gitdiňiz. Hany indi maňa näme galdy? Ýene-de: „Näme gerek?“ diýip soraýarsyňyz» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ