Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 10:12 - Mukaddes Kitap

12 Özüňiz üçin dogrulyk ekip, sadyk söýgi hasylyny oruň. Tarp ýeriňizi işläň. Çünki Rebbe dileg etmek wagty geldi. Ol dogrulygy üstüňize ýagdyrar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Өзүңиз үчин догрулык экип, садык сөйги хасылыны оруң. Тарп ериңизи ишләң. Чүнки Реббе дилег этмек вагты гелди. Ол догрулыгы үстүңизе ягдырар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 10:12
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Reb, halkyňa merhemet edeniňde, meni ýada sal. Seniň seçip-saýlanlaryňyň abadanlygyny görüp bilerim ýaly, halkyňyň şatlygyna şatlanyp bilerim ýaly, saýlan halkyň bilen bile magtanyp bilerim ýaly, olary halas edeniňde maňa kömek et.


Şoňa görä tekepbirlikleri boýunlaryny monjuk kimin bezeýär, zulum olary eginbaş kimin büreýär.


Erbediň gazanjy galplykdyr, dogrulyk ekýän hökman hakyny alar.


Ölümem, ýaşaýyşam diliň ygtyýarynda, dili söýýän hasylyndan iýer.


Tohumyňy irden sep, agşam-da eliň boş durmasyn. Çünki sen haýsy işiň bähbitli boljakdygyny bilýän dälsiň.


Reb ýere sepen tohumyňyz üçin ýagyş berer, ýer hasylynyň çöregi bol we bereketli bolar. Şol gün mal-garalaryňyz giň örülerde otlarlar.


Medet sorap, Müsüre gidýänleriň, atlara daýanýanlaryň, köpdükleri üçin söweş arabalaryna, güýçlüdikleri üçin atlylara bil baglaýanlaryň dat gününe! Olar Ysraýylyň Mukaddesine ýüz tutmaýarlar, Rebden maslahat soramaýarlar.


her çeşmäniň boýunda ekin ekýän, öküzi, eşegi boş iberýän siz bagtly bolarsyňyz!


Men suwsuz topraga suwlar dökerin, gury ýerlere çeşmeler akdyraryn; nesilleriňiň üstüne Ruhumy, perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin.


Eý, gökler, ýokardan ýagdyryň, bulutlar dogrulyk ýagdyrsyn; ýer açylyp, gutulyş miwesini bersin, onuň bilen birlikde dogrulyk bitsin; bulary Men – Reb ýaratdym».


Tabşyryklaryma gulak asan bolsadyňyz, şonda abadanlygyňyz derýa deý, dogrulygyňyz deňiz tolkunlary deý bolardy.


Ony haraba öwrerin, ony pudamazlar, ýeri bejermezler, onda çalydyr tikenekler biter; bulutlara-da onuň üstüne ýagyş ýagdyrmazlygy buýraryn.


Dogrulykda berkarar edilersiň, sütemden uzakda bolarsyň, gorkmarsyň; howp-hatardan daş bolarsyň, golaýlaşmaz saňa.


Rebbi tapylýarka, agtaryň, ýakyndaka, çagyryň.


«Şol günlerde, şol döwürde ysraýyl we ýahuda halklary bile gelerler, özleriniň Hudaýy Rebbi agtaryp, aglaý-aglaý gelerler. Muny Reb aýdýandyr.


Men olara we dagymyň töweregindäki ýerlere bereket indererin; ýagşy öz möwsüminde ýagdyraryn, ol ýagyşlar bereket ýagyşlary bolar.


Indi sen Hudaýyň kömegi bilen oňa dolan. Sadyk söýgini we adalatlylygy saklap, hemişe öz Hudaýyňa umyt baglap göz dik.


Samariýa halky öz günäsiniň jezasyny çeker. Çünki Hudaýa garşy çykdylar. Olar gylyçdan heläk bolarlar. Balalary ýere ýazylyp parçalanar. Hamyla aýallarynyň garny ýarylar.


Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň. Ol daň şapagy ýaly takyk geljek. Ol ýagyş ýaly bize geljek, topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek».


Olar ýel ekip, tupan orarlar. Sümmülsiz bugdaý un bermez. Hasyl beräýse-de, özgeler iýer.


Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylygy söýüň, kazyýetde adalaty berkarar ediň. Belki şonda Reb Hökmürowan Hudaý Ýusubyň aman galanlaryna merhemet eder.


Reb ysraýyl halkyna şeýle diýýär: «Meni agtaryň, şonda ýaşarsyňyz!


Rebbi agtaryň, şonda ýaşarsyňyz, ýogsam Ol Ýusup nesline garşy ot kimin lowlar, Beýtelde ýangyny söndürmäge hiç kim tapylmaz.


Ülker, Orion ýyldyzlaryny ýaradan, tüm garaňkylygy daň sähere öwren, gündizi gijä öwren, deňiz suwlaryny çagyryp, olary ýer ýüzüne döken Oldur. Onuň ady Rebdir.


«Men size diýýärin: dar gapydan girmäge çalşyň, sebäbi köpler bu gapydan girmäge jan ederler, emma başarmazlar.


Şol günlerde Men hatda gullardyr gyrnaklaryň üstüne, Öz Ruhumy dökerin. Olar-da pygamberlik ederler.


Hudaý daýhanyň ekjek tohumyny, iýjek çöregini ýetirýändir. Şoňa görä-de, Ol siziň ekeniňizi boldan-bol artdyryp, dogrulygyňyzyň bol hasylyny ýetişdirmegi hem başarar.


Parahatlyk döredýänler parahatçylyk tohumyny sepip, dogrulyk hasylyny orýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ