Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 10:10 - Mukaddes Kitap

10 Men islän wagtymda olara temmi bererin. Öz etmişine iki esse daňlan wagtynda, milletler olaryň garşysyna birleşerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Мен ислән вагтымда олара темми берерин. Өз этмишине ики эссе даңлан вагтында, миллетлер оларың гаршысына бирлешерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 10:10
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, patyşa pikirini jemläp, iki sany altyn göle ýasap, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Iýerusalime şu wagta çenli gatnanyňyz besdir. Eý, ysraýyllar, sizi Müsürden çykaran hudaýlaryňyz şulardyr».


Ýer sürdürmek üçin ýabany öküze boýuntyryk salyp bilermiň? Ýa-da ol seniň yzyňdan ýerlere mala basarmyka?


Şonuň üçin Hökmürowan Taňry Reb, Ysraýylyň gudratly Hudaýy şeýle diýýär: «Ýagylarymyň üstünden gazabymy dökerin, duşmanlarymdan öç alaryn!


«Sen Meni ret etdiň, yza tesdiň. Men hem elimi saňa garşy galdyryp, seni ýok ederin. Merhemet etmekden halys ýadadym. Muny Reb aýdýandyr.


Reb şeýle diýýär: „Men köp balykçylary ýollaryn, olary tutarlar. Ondan soňra Men köp awçylary ýollaryn. Her dagyň, her depäniň üstünden we her gaýanyň gowagyndan olary awlarlar.


«Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň daşky diwarlaryňyzy gabaýan Babyl patyşasy bilen babyllylaryň garşysyna ulanýan eliňizdäki ýaraglaryňyzy yzyna öwrerin. Olaryň hemmesini bu şäheriň ortasyna üýşürerin.


keýpi-sapa eden ähli oýnaşlaryňy, ähli söýenleriňi bütin ýigrenenleriň bilen birlikde üýşürerin. Olary tutuşlaýyn garşyňa üýşürip, olaryň öňünde seni ýalaňaçlaryn. Şeýdip, seniň tutuş ýalaňaçlygyňy görerler.


Şeýlelikde, saňa bolan gahar-gazabymy öçürerin, saňa bolan gabanjaňlygym aýrylar, onsoň Men köşeşerin we mundan soň gaharlanmaryn.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Olaryň garşysyna jemagaty örüz, olary howp astyna we talaňa sal.


Şonuň üçin Men ony göwün beren oýnaşlarynyň eline, ýagny aşurlaryň eline berdim.


Gazabymy olaryň üstüne döküp, gaharym ýatyşandan soň, Men köşeşerin. Olara gahar-gazabymy dökenimde, olar Men-Rebbiň gabanjaňlyk bilen gepländigimi bilerler.


«Eý, Ysraýyl, Gibga günlerinden bäri günä etdiňiz. Olar şol taýda günälerini dowam etdiler. Pislik edýänlere garşy uruş Gibgada siziň üstüňizi basmazmyka?


Ýel olary ganatyna orap alar. Olar gurbanlyklary sebäpli masgara bolarlar».


Halka nähili bolan bolsa, ruhanylara-da şeýle bolar. Men olaryň tutan ýollary üçin jeza bererin. Eden işleriniň öwezini gaýtararyn.


«Surnaýy dodagyňa ýetir. Çünki çaýkel Rebbiň öýüniň üstünden aýlanýar. Olar Meniň ähtimi bozdy, kanunyma garşy çykdylar.


Olary başga halklar ýaran bolmaga satyn alsa, Men olary toplap ýygnaryn. Olar tizara beýik patyşanyň salgydyndan sandyrarlar.


Şeýlelikde, patyşa gazap donuny geýýär. Ol goşun ýollap, ýaňky ganhorlary derbi-dagyn edýär, şäherlerini otlaýar.


Reb size ýagşylyk edip, siziň sanyňyzy köpeldende, näçe lezzet alan bolsa, sizi gyryp ýok edende hem şonça lezzet alar. Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden siz sogrulyp taşlanarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ