Ahabyň Samariýada ýetmiş ogly we ogul agtyklary bardy. Ýehu Samariýadaky Ýizregel baştutanlary bolan ýaşululara we Ahabyň nesillerine hossarlyk edýänlere şeýle mazmunly hat ýazyp iberdi: «Jenabyňyzyň ogullarydyr ogul agtyklary siziň ýanyňyzdadyr, şeýle hem atlar, söweş arabalary, gala we ýaraglar siziň hyzmatyňyzdadyr.