Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hoşeýa 1:2 - Mukaddes Kitap

2 Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy: Reb Hoşeýa: «Git-de, zynagär aýala öýlen. Ol saňa başga erkeklerden çaga dogrup berer. Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär» diydi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Хошея Реббиң сөзүниң башлангыҗы: Реб Хошея: «Гит-де, зынагәр аяла өйлен. Ол саңа башга эркеклерден чага догруп берер. Чүнки бу юрт Ребден дашлашып, бүтинлей зына эдйәр» диыди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hoşeýa 1:2
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma mätäçler ezýet, muşakgat, hasrat zerarly, azalyp, boýun egdirilende,


Çünki Meniň halkym iki sany pis iş etdi: akar suwlaryň gözbaşy bolan Meni terk etdiler, özlerine howdanlar, gyrasy çat açan, suw saklamaýan howdanlar gazdylar.


Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp: ‘Saňa gulluk etmerin’. Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdiň serlip ýatyp.


Sen nädip: ‘Men haram däl. Bagal butunyň yzyna eýermedim’ diýip bilýärsiň? Jülgede eden günäňe seret, näme edeniňi gör! Sen özüni ol ýere, bu ýere urýan ýyldam maýasyň.


Ysraýyl hiç ähmiýet bermedi, daşlara we agaçlara sežde etmek bilen, zyna etdi we ýurdy bütinleý harama çykardy.


Gaçyp gutulanlaryňyz ýesirlige äkidilen ýerlerindäki milletleriň arasynda Meni ýatlarlar. Men olaryň Özümden ýüz öwren zynahor ýüreklerinden, butlarynyň yzyna eýeren zynahor gözlerinden ýaňa ajy hasrat çekdim. Olar ähli nejis işlerinde eden pisliklerinden ýaňa öz-özlerini ýigrenerler.


Ol oýnaşlarynyň yzyndan kowalar, Ýöne olaryň yzyndan ýetip bilmez. Olary gözlär, ýöne tapmaz. Şonda ol aýdar: „Ilkinji ärimiň ýanyna dolanaryn, çünki öňki ýagdaýym häzirkimden gowudy“.


Reb maňa şeýle diýdi: «Sen ýene git-de, aýalyňy getir. Oýnaşy bolsa-da, zyna etse-de, ony söý. Ine, ysraýyl halky-da başga hudaýlara köňül berip, butlara kişmişli külçeleri hödür etmegi halaýarlar. Emma Men şonda-da olary söýýärin».


Men Efraýymy tanaýaryn, Ysraýylam Menden gizlin däldir. Çünki sen zyna etdiň, eý, Efraýym. Ysraýyl hem haramdyr.


Bu Hudaýyň Ogly Isa Mesih hakdaky Hoş Habaryň başlangyjydyr.


Reb Musa şeýle diýdi: «Tizara sen ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň. Şondan soň bu halk barýan ýerindäki keseki halklaryň hudaýlaryna sežde etmek bilen zyna ederler. Olar Meniň bilen eden ähtini bozup, Meni terk ederler.


Olaryň zynadan gözleri doýmaýar, hiç wagt günäni bes etmeýärler. Olar durnuksyz kişileri duzaga düşürip azdyrýarlar. Olaryň kalby açgözlüge ýugrulyp, näletlenen adamlardyr.


Bu aýalyň maňlaýynda «Beýik Babyl, dünýä lolularynyň we nejislikleriniň enesi» diýen syrly at ýazylgydy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ