Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hagaý 2:7 - Mukaddes Kitap

7 Men ähli milletleri-de sarsdyraryn, şonda ähli milletleriň hazynalary şu ýere geler we Men bu öýi şan-şöhratdan dolduraryn. Muny diýýän Men – Hökmürowan Rebdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Мен әхли миллетлери-де сарсдырарын, шонда әхли миллетлериң хазыналары шу ере гелер ве Мен бу өйи шан-шөхратдан долдурарын. Муны диййән Мен – Хөкмүрован Ребдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hagaý 2:7
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriň arkaly pata alarlar“» diýdi.


Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.


Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Ruhanylar mukaddes otagdan daşary çykanlarynda, Rebbiň öýi bulutdan doldy.


Ruhanylar bulut zerarly Rebbiň huzurynda hyzmata durup bilmediler, çünki Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüni doldurypdy.


Ruhanylar bulut sebäpli Rebbiň huzurynda hyzmata durup bilmediler, çünki Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüni doldurypdy.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Asafyň mezmury.


Ýa Taňry, ýaradan milletleriň ählisi gelip, Seniň gaşyňda sežde ederler, Seniň adyňa şöhrat aýdarlar.


Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň howpundan, şan-şöhratyndan, gaýalardaky gowaklara, ýeriň deşiklerine girerler.


Töwerege ser sal, galdyr başyňy, ählisi üýşüşip, saňa gelýärler. Ogullaryň uzakdan gelerler, gujakda göteriler gyzjagazlaryň.


Kedaryň ähli sürüleri ýanyňa toplanar, Nebaýotyň goçlary saňa hyzmat ederler, olar gurbanlyk sypamda gurbanlyk hökmünde kabul ediler, şöhratly öýümi şöhratlandyraryn Men.


Weýran! Weýran! Şäheri weýran ederin! Höküm çykarýan gelýänçä, bu başa barmaz. Soňra Men şäheri oňa bererin».


Ony gabra inýänler bilen birlikde ölüler dünýäsine inderenimde, ýykylyşynyň gürpüldisinden milletleri titretdim; onsoň Erem bagynyň ähli agaçlary, Liwanyň iň owadan we iň saýlama agaçlary, bol suw içip ösenleriň bary ýeriň teýinde teselli tapdylar.


Gabanjaňlygym we otly gazabym bilen Men jar edýän: Şol gün Ysraýyl ýurdunda ýer titrär.


Ol meni demirgazyk derwezäniň ýolundan öýüň öňüne getirdi. Görsem, Rebbiň şöhraty Öz öýüni dolduryp durandygyny gördüm. Men ýere ýüzin ýykyldym.


Daglyga gidiň-de, agaç getiriň we Meniň öýümi guruň. Şonda Men hoşal bolaryn, şöhratlanaryn, muny Reb diýýär.


Hökmürowan Reb: «Öňümden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin. Siziň gözleýän Taňryňyz duýdansyz Öz ybadathanasyna geler. Siziň hoşal bolýan äht Wekiliňiz, ine, gelýär» diýýär.


Ol her gün ybadathananyň howlusynda sapak berýärdi. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we halkyň baştutanlary bolsa Ony öldürmegiň küýündediler.


Simun Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmagy bilen ybadathananyň howlusyna geldi. Isanyň ene-atasy Töwratda ýazylan adaty berjaý etmek üçin, Çagany içeri salanlarynda,


Üç günden soň, Ony ybadathananyň howlusyndan tapdylar. Ol din mugallymlarynyň arasynda oturyp, olary diňläp, soraglar berýärdi.


Bir gün Isa ybadathananyň howlusynda halka öwredip, Hoş Habary wagyz edýärkä, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular Onuň ýanyna geldiler.


Ir säher bilen ähli halk Onuň gürrüňlerini diňlemek üçin ybadathana gelerdi.


Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.


Hudaý Ybraýyma: «Ähli milletler sen arkaly ýalkanar» diýip, oňa ilkibaşda buşlapdy. Mukaddes Ýazgylaryň şu sözleri Hudaýyň milletleri imanlaryna görä aklajakdygyny owaldan habar beripdi.


Çünki Hudaýyň doly kämilligi bir beden kimin Mesihde ýaşaýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ