Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hagaý 2:5 - Mukaddes Kitap

5 Müsürden çykanyňyzda, size söz berşim ýaly, Ruhum araňyzdadyr, gorkmaň!“»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Мүсүрден чыканыңызда, сизе сөз бершим ялы, Рухум араңыздадыр, горкмаң!“»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hagaý 2:5
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu söweşde size söweşmek gerek däldir. Eý, ýahuda we Iýerusalim halky, nyzama duruň-da, garaşyň, Rebbiň size berjek ýeňşini görüň“. Gorkmaň, heder etmäň. Ertir siz olaryň garşysyna çykyň. Reb siz bilen bolar».


Olara öwüt bermek üçin paýhasly Ruhuňy berdiň. Mannany olaryň agzyndan kesmediň, suwsanlarynda suw berdiň.


Sen ençeme ýyllap, olar bilen sabyrly bolduň. Pygamberleriň arkaly, Öz Ruhuň bilen olara duýdurdyň. Emma şonda-da olar gulak asmadylar. Şonuň üçin hem Sen olary ýurtlaryň halklarynyň eline berdiň.


„Müsürlilere näme edendigimi siz gördüňiz, bürgüdiň öz çagasyny ganatynda göterip gelşi ýaly, Men hem sizi ýanyma şeýdip alyp geldim.


Siz Meniň üçin ruhanylar bolup hyzmat edýän, Maňa bagyş edilen mukaddes millet bolarsyňyz“. Ine, seniň ysraýyllara aýtmaly sözleriň şudur».


Musa gelip, Rebbiň ähli sözlerini we ähli hökümlerini halka mälim etdi. Tutuş halk biragyzdan oňa: «Biz Rebbiň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris» diýip jogap berdi.


Musa gany alyp, halkyň üstüne sepeledi we olara: «Ine, ähli şu sözleriň esasynda, bu Rebbiň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi.


Reb Musa şeýle diýdi: «Indi Men siziň bilen äht baglaşjak. Seniň tutuş halkyňyň öňünde Men gudratlar görkezjek. Şeýle gudratlar tutuş ýer ýüzünde ýa-da hiç bir milletde görlüp-eşidilen däldir. Aralarynda ýaşaýan bu tutuş halkyň Men-Rebbiň edýän işini görer, çünki Men siziň üçin gorkunç zatlar ederin.


Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.


Hudaýyňyz Men – Reb sag eliňizden tutaryn, size: „Gorkmaň, ýardam ederin“ diýýän Mendirin.


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Eý, ýahudalar hem ysraýyllar, siz halklar arasynda nälete öwrüldiňiz. Indi Men sizi halas ederin, siz ýalkanyş bolarsyňyz. Gorkmaň, gollaryňyz kuwwatly bolsun!»


Emma Men şu günlerde Iýerusalime hem-de Ýahuda ýene ýagşylyk etmegi ýüregime düwdüm. Gorkmaň!


Perişde aýallara: «Gorkmaň! Men siziň haça çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin.


Ol: „Gorkma, Pawlus! Sen imperatoryň öňünde durmalysyň. Sen sebäpli gämide barýanlaryň hemmesini Hudaý aman saklar“ diýdi.


Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»


Soňra Reb Ýeşuwa şeýle diýdi: «Hiç zatdan gorkma we dowla düşme. Öz urşujylaryňyň ählisini al-da, göni Aý galasyna ýöriş et. Görýäňmi, Men Aý galasyny, onuň hanyny, adamlaryny we ýerini seniň eliňe berjekdirin.


Men Ony gören badyma öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Emma Ol elini egnime goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji we Ahyrky Mendirin.


Şamuwel halka şeýle diýdi: «Hawa, siz pis işlere baş goşduňyz, ýöne şonda-da gorkmaň. Rebden ýüz öwürmäň-de, tutuş kalbyňyz bilen Oňa gulluk ediň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ