Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hagaý 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Eý, Zerubabyl, ruhdan düşme, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa, ruhdan düşme! Eý, ýurduň ähli halky, ruhdan düşme. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Işläň, çünki Men siziň bilendirin, muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Эй, Зерубабыл, рухдан дүшме, муны Мен – Реб айдяндырын. Эй, Ехосадагың оглы баш руханы Ешува, рухдан дүшме! Эй, юрдуң әхли халкы, рухдан дүшме. Муны Мен – Реб айдяндырын. Ишләң, чүнки Мен сизиң билендирин, муны Мен – Хөкмүрован Реб айдяндырын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hagaý 2:4
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, sebäbi Hökmürowan Hudaý Reb onuň bilendi.


Eger Rebbiň Musanyň üsti bilen Ysraýyla tabşyran parzlarydyr hökümlerini berjaý etseň, işiň rowaç bolar. Dözümli hem mert bol; gorkma, ruhdan düşme.


Dawut ýene ogly Süleýmana şeýle diýdi: «Güýçli hem mert bol, işe başla! Gorkma, aljyrama, çünki meniň Hudaýym Hökmürowan Reb seniň bilendir. Rebbiň öýüniň hyzmat işleriniň ählisi tamamlanman, Ol seni taşlamaz, terk etmez.


Ruhany nesilleriniň arasyndan keseki milletlerden aýal alanlardan tapylanlar şulardyr: Ýosadagyň ogly Ýeşuwanyň we onuň doganlarynyň nesillerinden: Magaseýa, Eligezer, Ýaryp we Gedalýa.


Onsoň Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýosadagyň ogly Ýeşuwa dagy Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüni täzeden gurmaga başladylar. Hudaýyň pygamberleri-de olar bilen bolup, olary ruhlandyrdylar.


Hudaý oňa: «Seniň bilen boljak Mendirin. Sen halky Müsürden çykaryp getireniňde, Maňa şu dagda sežde edersiňiz. Bu bolsa seni Meniň ýollandygymyň nyşany bolar» diýdi.


Onsoň Rebbiň wekili Hagaý Rebbiň şu habaryny halka ýetirip, şeýle diýdi: «Reb: „Men siziň bilendirin“ diýýär. Muny Reb aýdýandyr».


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynyň düýbüniň tutulmagyna gatnaşan pygamberlerden şu sözleri eşidenleriňiziň gollary kuwwatly bolsun!


Onsoň şägirtler gidip, Hoş Habary hemme ýerde wagyz etdiler. Reb olar bilen işläp, amala aşýan gudratly alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy.


Olar öz doganlary Ýusuba göripçilik edip, ony Müsüre satsalar-da, Hudaý Ýusuby ýeke galdyrmady.


Hüşgär boluň, imanda berk duruň, mert boluň, gaýratly boluň.


Şunlukda, Rebbiň beýik güýji bilen kuwwatlanyň.


Soňra Reb Nunuň ogly Ýeşuwanyň etmeli işlerini tabşyrdy we oňa: «Dözümli we mert bol, çünki ysraýyllary Meniň söz beren ýurduma getirjek sensiň. Men seniň bilen bolaryn!» diýdi.


Eý, oglum, Isa Mesihiň berýän merhemeti bilen kuwwatlan.


Ýöne Reb meni ýeke goýmady. Hoş Habaryň men arkaly doly wagyz edilip, ähli milletleriň hem ony eşitmegi üçin, Ol maňa gujur-gaýrat berdi. Reb meni ölümiň penjesinden halas etdi.


Dözümli hem mert bol! Meniň olaryň ata-babalaryna ant içip, söz beren ýerimi eýelemekde sen şu halka ýolbaşçy bolmalysyň.


Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»


Reb olar üçin ýolbaşçy serdary çykaranda, Reb serdar bilen bile bolardy, serdaryň ähli ýaşan ömründe, Reb ysraýyllary duşmanlarynyň elinden halas ederdi. Çünki olar sütemiň we zulumyň goly astynda bolanlarynda, Reb olara rehim ederdi.


Olaryň biri: «Ýogsa-da, men beýtullahamly Ýyşaýyň bir ogluny gördüm. Saza ussat, batyr ýigit, gaýduwsyz urşujy, dilewar hem görmegeý. Reb hem onuň bilen» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ