Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hagaý 2:21 - Mukaddes Kitap

21 «Ýahudanyň häkimi Zerubabyla Meniň Ýeri we Gögi titretjekdigimi aýt.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 «Яхуданың хәкими Зерубабыла Мениң Ери ве Гөги титретҗекдигими айт.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hagaý 2:21
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Pedaýanyň ogullary: Zerubabyl we Şimgi. Zerubabylyň ogullary: Meşullam, Hananýa we Şelomyt olaryň aýal doganydy.


Olar Zerubabyl, Ýeşuwa, Nehemýa; Seraýa, Regelaýa, Mordekaý, Bilşan, Mispar, Bigwaý, Rehum we Bagana dagynyň ýolbaşçylygynda geldiler. Ýesirlikden gaýdyp gelen Ysraýyl halkynyň erkek adamlarynyň sanawy şulardyr:


Onsoň Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýosadagyň ogly Ýeşuwa dagy Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüni täzeden gurmaga başladylar. Hudaýyň pygamberleri-de olar bilen bolup, olary ruhlandyrdylar.


Hudaý halkyň şadyýan sesleri bilen, Reb surnaýlaryň sesleri bilen ýokary çykýar.


Weýran! Weýran! Şäheri weýran ederin! Höküm çykarýan gelýänçä, bu başa barmaz. Soňra Men şäheri oňa bererin».


Hökmürowan Reb Sur galasyna şeýle diýýär: «Ýykylyşyňyň gürpüldisinden, ýaralylaryň iňňildisinden, başyňdan inen elhenç mergiden kenarlardaky halklar titreşmezmi?


Reb gümmürdeýär Siondan hem seslenýär Iýerusalimden. Asman bilen ýer lerzana gelýär. Emma Reb Öz halkyna penadyr, hem ysraýyl halky üçin galadyr.


Darýuş patyşanyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň birinji güni Hagaý pygamberiň üsti bilen Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyla we Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa Rebbiň şu sözi aýan boldy.


Reb Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabylyň, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň we halkyň aman galanlarynyň ählisiniň kalbyny oýardy. Onsoň olar gelip, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň öýüni gurmaga başladylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ