Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hagaý 2:2 - Mukaddes Kitap

2 «Indi Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyla, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa we halkyň aman galanlarynyň ählisine ýüzlenip, şeýle diý:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 «Инди Яхуданың хәкими Шеялтыелиң оглы Зерубабыла, Ехосадагың оглы баш руханы Ешува ве халкың аман галанларының әхлисине йүзленип, шейле дий:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hagaý 2:2
7 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kureş patyşa bu zatlary hazynaçy Mitredata çykartdy we ol ähli gap-gaçlary sanap, olary Ýahudanyň häkimi Şeşbasara gowşurdy. Ol zatlar şulardan ybaratdy: otuz altyn okara, müň kümüş okara, ýigrimi dokuz kümüş jam, otuz altyn şakäse, dört ýüz on başga hili kümüş şakäse we müň beýleki gap-gaçlar.


Häkim olara Urymy we Tummymy ulanyp bilýän ruhany tapylýança, iň mukaddes nahardan iýmezligi tabşyrdy.


Hudaýyň adamy Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, Ýosadagyň ogly Ýeşuwa beýleki ruhanylar bilen, Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl öz garyndaşlary bilen Ysraýylyň Hudaýyna ýakma gurbanlyklaryny bermek üçin, gurbanlyk sypasyny ýasadylar.


Kanunyň sözlerini eşidende, halk aglady. Onsoň häkim Nehemýa, ruhany hem mürze Ezra we kanuny düşündirýän lewiler halka ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Bu gün Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes gündür. Şonuň üçin ýas tutup aglaşmaň!


Darýuş patyşanyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň birinji güni Hagaý pygamberiň üsti bilen Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyla we Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa Rebbiň şu sözi aýan boldy.


Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa we halkyň aman galanlarynyň ählisi Rebden gorkup, özleriniň Hudaýy Rebbiň sözüne we Hagaý pygamberiň aýdanlaryna gulak asdylar. Çünki Hagaý pygamberi Beýik Hudaý iberipdi.


Reb Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabylyň, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň we halkyň aman galanlarynyň ählisiniň kalbyny oýardy. Onsoň olar gelip, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň öýüni gurmaga başladylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ