Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hagaý 2:17 - Mukaddes Kitap

17 Men el zähmetiňiz bilen öndürýän ähli önümleriňiziň üstünden epgek öwüsdirip, heň we doly bilen harapladym. Emma siz şonda-da Maňa tarap öwrülmediňiz. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Мен эл зәхметиңиз билен өндүрйән әхли өнүмлериңизиң үстүнден эпгек өвүсдирип, хең ве долы билен харапладым. Эмма сиз шонда-да Маңа тарап өврүлмедиңиз. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hagaý 2:17
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar aýdylýan zatlara Ýusubyň düşünýändigini bilmeýärdiler, çünki ol olar bilen dilmajyň üsti bilen gepleşýärdi.


Gijäni geçirmek üçin düşlän ýerlerinde olaryň biri eşegine iým bermek üçin çuwalyň agzyny açanda, onuň agzynda öz kümüş pulunyň ýatandygyny gördi.


Ýusup Müsürde häkim bolansoň, ol bütin ýurduň halklaryna galla satýardy. Ýusubyň doganlary gelip, oňa iki bükülip tagzym etdiler.


Eger ýurtda açlyk ýa gyrgyn keseli bolsa, epgek, ygaldan çüýremeklik, çekirtge ýa-da gurçuk peýda bolsa, eger duşmanlary öz islendik galalarynda olara sütem etseler, nähili bela, nähili kesel bolsa-da,


Ahaz patyşa betbagtçylykly pursatlarynda Rebbe hyýanatçylygyny has-da artdyrdy.


Eger ýurtda açlyk ýa gyrgyn keseli bolsa, epgek, ygaldan çüýremeklik, çekirtge ýa-da gurçuk peýda bolsa, eger duşmanlary öz islendik galalarynda olara sütem etseler, nähili bela, nähili kesel bolsa-da,


Hudaýsyzlar gahar-gazaby içinde saklaýarlar, Hudaý olary jezalandyrsa-da, Ondan ýardam dilemeýärler.


Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler. Ýöne menden üstün çykmadylar.


Ine, Rebbiň gudratly, güýçli bir adamy bar; weýran edýän doly tupany kimin, güýçli ýagyş sili kimin, Öz eli bilen şäheri ýere çalar.


Bu galalaryň ilaty ejizdi, aljyrap howsala düşdüler. Olar meýdan ösümlikleriniň, mymyk gök maýsalyklaryň, tamyň üstündäki otlaryň, ösmänkä gurap ýok bolşy dek boldular.


Munuň üçin Ol lowlaýan gazabyny, zalym urşy üstlerinden inderdi; olary hemme tarapdan otlady, emma olar şonda-da düşünmediler, olary ýakdy, ýöne üns bermediler.


Reb Öz sag elinden, güýçli golundan ant içdi: «Indi gallaňy duşmanlaryňa iýmit hökmünde bermerin, öz zähmetiň siňen şerabyňy kesekiler içmezler.


Özüne jeza Berene tarap öwrülmedi halk, Hökmürowan Rebbe tabyn bolmady.


Ýaşlygymyzdan bäri ata-babalarymyzyň bar zähmetini, olaryň sygyrdyr goýun sürülerini, oguldyr gyzlaryny bihaýa butlar ýuwudyp-ýalmap gelýärler.


Ýa Reb, Seniň nazaryň hakykata dikilen dälmidir? Olary urduň, emma olar agyry duýmadylar. Olary heläk etdiň, emma olar ýüz öwürdiler dogry ýoldan. Olar ýüzlerini gaýadan-da gataldyp, yzlaryna dolanmak islemediler.


Ähli şäherleriňizde açlykdan dişiňiziň kirini sordurdym, tutuş ýurduňyzy nana zar etdim, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Şeýle hem Men ýurda we onuň daglaryna, galla meýdanlaryna, üzümçiliklerine, zeýtun baglaryna, ýerden önýän ähli önümlere, ynsandyr haýwanlaryň üstüne, çekýän ähli zähmetiňiziň üstüne gurakçylyk jezasyny inderdim».


Siz köp ekip, az hasyl alýarsyňyz, iýip doýmaýarsyňyz, içip ganmaýarsyňyz, geýinýärsiňiz, ýöne ýylynmaýarsyňyz, gazanjyňyz düýbi deşik pul torba düşýär“».


Siz köp hasyla garaşýardyňyz, ýöne ol hasyl az bolup çykdy. Ony öýe getireniňizde, Men ony ýele sowurdym. Näme üçin? Meniň öýümiň haraba öwrülip ýatany üçin! Men muny siziň ähliňiziň diňe öz öýleriňiz bilen gümradygyňyz üçin şeýle etdim. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.


nähili ýaşapdyňyz?! Biri ýigrimi batmanlyk harmany ýygnamaga gelende, ol on batman çykardy. Ol şeraply çelekden elli küýze şerap aljak bolanda, diňe ýigrimi küýze çykardy.


Men siziň üçin topragyňyzdaky hasyly weýran etmegi çekirtgelere gadagan ederin. Meýdandaky üzüm agaçlaryňyz hasylsyz galmaz, Hökmürowan Reb diýýär.


Reb size bedeni igledýän keselden, gyzdyrmadan, çişmeden, ysytmadan, gurakçylykdan, ýakyp ýandyrýan epgekden we heňden ýaňa ejir çekdirer. Tä doly heläk bolýançaňyz, şeýle külpetler sizden aýrylmaz.


Men oňa toba etmäge wagt berdim, ýöne ol azgynlygyndan ýüz öwresi gelenok.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ