Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hagaý 1:9 - Mukaddes Kitap

9 Siz köp hasyla garaşýardyňyz, ýöne ol hasyl az bolup çykdy. Ony öýe getireniňizde, Men ony ýele sowurdym. Näme üçin? Meniň öýümiň haraba öwrülip ýatany üçin! Men muny siziň ähliňiziň diňe öz öýleriňiz bilen gümradygyňyz üçin şeýle etdim. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Сиз көп хасыла гарашярдыңыз, йөне ол хасыл аз болуп чыкды. Оны өе гетирениңизде, Мен оны еле совурдым. Нәме үчин? Мениң өйүмиң хараба өврүлип ятаны үчин! Мен муны сизиң әхлиңизиң диңе өз өйлериңиз билен гүмрадыгыңыз үчин шейле этдим. Муны Мен – Хөкмүрован Реб айдяндырын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hagaý 1:9
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawudyň döwründe üç ýyla çeken açlyk boldy. Dawut Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Şawulyň gan dökmegi onuň özüniň we nesliniň boýnunadyr, sebäbi ol gibgonlylary gyrgynçylyga berdi» diýdi.


Şonda Rebbiň käýinjinden, burnundan çykan deminden ýaňa deňziň geçelgeleri göründi, dünýäniň-de binýatlary açyldy.


Men onuň içine bir ruh ibererin welin, ol bir habar eşidip, öz ýurduna dolanar. Men ony öz ýurdunda gylyç bilen öldürderin“».


Hudaýa diýerin: „Maňa höküm etme, meni nämede günäkärleýäniňi aýt“.


Biri bar paýlaýandyr, baýlygy bolsa artýar. Biri bar – gaty gysyk, diňe mätäçlige gowuşýar.


Ölüler dünýäsiniň we heläkçilik ýeriniň doýmaýşy ýaly, adamyň gözi-de asla doýýan däldir.


Bar zat irizýär. Muny söz bilen beýan edip bolmaz. Göz görmekden doýmaýar, gulak-da eşitmekden.


Reb demini üflände, ot guraýar, gül solýar. Hakykatdan hem, halk otlukdyr.


Üzümçiligiň on tanap ýeri bir meşik şerap berer, on batman tohum diňe bir batman hasyl berer».


Olar bugdaý ekip, tiken ordular, gara zähmet çekip, haýyr görmediler. Rebbiň gahar-gazabyndan ýaňa alan hasyllaryna utansynlar.


Üstüňize gaharymy döküp, gazap odumy üflärin, seni öldürmäge zabun wagşylaryň eline bererin.


Bäşinji ýyl welin, siz miweli agaçlaryň miwesinden iýip bilersiňiz, olar size bol miwe berer. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


«Bu öý haraba bolup ýatyrka, özüňiziň kaşaň jaýlarda ýaşamagyňyzyň wagtymy?


Siz köp ekip, az hasyl alýarsyňyz, iýip doýmaýarsyňyz, içip ganmaýarsyňyz, geýinýärsiňiz, ýöne ýylynmaýarsyňyz, gazanjyňyz düýbi deşik pul torba düşýär“».


Meýdana köp tohum sepersiňiz, emma az hasyl alarsyňyz, çünki ony çekirtge iýip ýok eder.


Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen Meni ilkibaşda söýşüň ýaly söýmeýärsiň.


Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ