Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hagaý 1:14 - Mukaddes Kitap

14 Reb Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabylyň, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň we halkyň aman galanlarynyň ählisiniň kalbyny oýardy. Onsoň olar gelip, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň öýüni gurmaga başladylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Реб Яхуданың хәкими Шеялтыелиң оглы Зерубабылың, Ехосадагың оглы баш руханы Ешуваның ве халкың аман галанларының әхлисиниң калбыны оярды. Онсоң олар гелип, өзлериниң Худайы Хөкмүрован Реббиң өйүни гурмага башладылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hagaý 1:14
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şoňa görä Ysraýyl Hudaýy Aşuryň patyşasy Pulyň ruhuny oýardy. Bu patyşanyň beýleki ady Tiglatpileserdi. Ol rubenleri, gatlary, gündogardaky manaşa tiresini ýesir edip, olary Hala, Habora, Hara hem-de Gozan derýasyna getirdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir.


Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşar ýaly, Reb Kureş patyşanyň ulanýan ýazuwynda perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna çapar üsti bilen jar etmegi onuň kalbyna saldy.


Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Ýermeýa arkaly aýan edilen Rebbiň sözüniň amala aşmagy üçin, Reb Kureş patyşanyň şeýle perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna jar etmegi onuň kalbyna saldy:


Şondan soňra Hudaý tarapyndan kalby oýarylan her kes – ýahuda we benýamin tireleriniň urugbaşylary hem-de ruhanylardyr lewileri baryp, Rebbiň Iýerusalimdäki ybadathanasyny bina etmek üçin, ýol şaýlaryny tutup ugradylar.


Onsoň Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýosadagyň ogly Ýeşuwa dagy Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüni täzeden gurmaga başladylar. Hudaýyň pygamberleri-de olar bilen bolup, olary ruhlandyrdylar.


Biz Ýahuda etrabyna, beýik Hudaýyň öýüne barandygymyzy, siziň alyhezretleriňize mälim edýäris. Ol ýonulan daşlardan we diwarlaryna agaç örümler goýlup, salnyp ýör. Bu iş janypkeşlik bilen üstünlikli alnyp barylýar.


Muňa garamazdan biz diwary täzeden gurduk; tutuş diwar birikdirilip, onuň beýikligi ýarysyna ýetirildi, çünki halk işlemegi ýüregine düwdi.


Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.


Darýuş patyşanyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň birinji güni Hagaý pygamberiň üsti bilen Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyla we Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa Rebbiň şu sözi aýan boldy.


Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa we halkyň aman galanlarynyň ählisi Rebden gorkup, özleriniň Hudaýy Rebbiň sözüne we Hagaý pygamberiň aýdanlaryna gulak asdylar. Çünki Hagaý pygamberi Beýik Hudaý iberipdi.


Bu waka patyşa Darýuşyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň ýigrimi dördüne bolup geçdi.


«Indi Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyla, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa we halkyň aman galanlarynyň ählisine ýüzlenip, şeýle diý:


«Ýahudanyň häkimi Zerubabyla Meniň Ýeri we Gögi titretjekdigimi aýt.


Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.


Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Titusyň-da ýüregine size bolan yhlasy saldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ