Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hagaý 1:12 - Mukaddes Kitap

12 Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa we halkyň aman galanlarynyň ählisi Rebden gorkup, özleriniň Hudaýy Rebbiň sözüne we Hagaý pygamberiň aýdanlaryna gulak asdylar. Çünki Hagaý pygamberi Beýik Hudaý iberipdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Шеялтыелиң оглы Зерубабыл билен Ехосадагың оглы баш руханы Ешува ве халкың аман галанларының әхлиси Ребден горкуп, өзлериниң Худайы Реббиң сөзүне ве Хагай пыгамбериң айданларына гулак асдылар. Чүнки Хагай пыгамбери Бейик Худай иберипди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hagaý 1:12
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Perişde: «Oglana el gatma, oňa hiç zat etme. Indi Men seniň Hudaýdan gorkýandygyňy bilýärin. Sen öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmadyň» diýdi.


Ruhany nesilleriniň arasyndan keseki milletlerden aýal alanlardan tapylanlar şulardyr: Ýosadagyň ogly Ýeşuwanyň we onuň doganlarynyň nesillerinden: Magaseýa, Eligezer, Ýaryp we Gedalýa.


Onsoň Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýosadagyň ogly Ýeşuwa dagy Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüni täzeden gurmaga başladylar. Hudaýyň pygamberleri-de olar bilen bolup, olary ruhlandyrdylar.


Rebbe şan-şöhrat bolsun! Eý, Rebbe hyzmat edýänler, şöhratlandyryň, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!


Bilimiň başlangyjy – Rebden gorkmaklyk; diňe akmaklar danalygy hem öwüt-nesihaty har edýärler.


Hemme zat aýdyldy. Netije şudur: Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr;


Eger sözlerimi göwünjeňlik bilen diňleseňiz, ýurduň näz-nygmatyny iýersiňiz.


Siziň araňyzda Rebden gorkup, Onuň gulunyň sözüne gulak asýan barmy? Garaňkylykda gezýän, yşygy bolmadyk, Rebbiň adyna bil baglap, Hudaýyna daýansyn.


Darýuş patyşanyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň birinji güni Hagaý pygamberiň üsti bilen Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyla we Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa Rebbiň şu sözi aýan boldy.


Reb Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabylyň, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň we halkyň aman galanlarynyň ählisiniň kalbyny oýardy. Onsoň olar gelip, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň öýüni gurmaga başladylar.


«Indi Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyla, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa we halkyň aman galanlarynyň ählisine ýüzlenip, şeýle diý:


Bütin Ýahudyýadaky, Jeliledäki we Samariýadaky ýygnaklarda parahatlyk höküm sürüp, imanlylar barha güýçlenýärdi. Olar Rebden gorkup, Mukaddes Ruhuň ýardamy bilen günsaýyn köpelýärdi.


Ähli halky: erkekleri, aýallary, çagalary, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekleri ýygnaň. Olar bu barada eşidenlerinde, Hudaýyňyz Rebden gorkup, bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmegi öwrensinler.


Olaryň bu Kanuny bilmeýän çagalary hem Iordan derýasynyň aňyrsyndaky mülk ýerlerinde ýaşanlarynda muny eşidip, Hudaýyňyz Rebden gorkmagy öwrensinler».


Hudaýyň Hoş Habary bütin dünýä ýaýrap, miwe berip gelýär. Hudaýyň merhemetiniň hakyky manysyna göz ýetiren günüňizden bäri, bu Hoş Habar siziň araňyzda hem şeýle hereket edýär.


Şonuň üçin hem yranmaz patyşalyga gowşandygymyz üçin şükür edeliň. Hudaýy hoşnut etmek üçin Oňa tabynlyk hem gorky bilen sežde edeliň,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ