Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Hagaý 1:11 - Mukaddes Kitap

11 Şeýle hem Men ýurda we onuň daglaryna, galla meýdanlaryna, üzümçiliklerine, zeýtun baglaryna, ýerden önýän ähli önümlere, ynsandyr haýwanlaryň üstüne, çekýän ähli zähmetiňiziň üstüne gurakçylyk jezasyny inderdim».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Шейле хем Мен юрда ве онуң дагларына, галла мейданларына, үзүмчиликлерине, зейтун багларына, ерден өнйән әхли өнүмлере, ынсандыр хайванларың үстүне, чекйән әхли зәхметиңизиң үстүне гуракчылык җезасыны индердим».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Hagaý 1:11
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn».


Elýaşa ogluny direlden aýala şeýle diýipdi: «Tur-da, öý-içeriň bilen gidip, ýaşap biljek ýeriňde mesgen tut, çünki Reb bu ýurduň başyna ýedi ýyllyk açlyk getirjek».


Ýöne Hudaý ümsüm bolsa, kim Ony ýazgaryp biler? Ol ýüzüni gizlese, kim Ony görüp biler? Millet bolsun, adam bolsun, parhy ýok,


«Ýahuda ýas tutýar, onuň şäherleri perýat edýär. Halky hasratdan ýaňa ýere çökdi, Iýerusalimiň perýady barha güýjeýär.


Olar ahy-nalamy eşitdiler, emma maňa teselli berýän ýok. Jebrimi ähli duşmanlarym eşitdi, Seniň muny edeniňe şatlandylar. Yglan eden günüňi getir, olar-da meniň ýaly bolsunlar.


Ülker, Orion ýyldyzlaryny ýaradan, tüm garaňkylygy daň sähere öwren, gündizi gijä öwren, deňiz suwlaryny çagyryp, olary ýer ýüzüne döken Oldur. Onuň ady Rebdir.


Ine, Hökmürowan Reb maňa şuny görkezdi: Hökmürowan Reb halkyny jezalandyrmak üçin alawly ody çagyrdy. Ot düýpsüz çuň suwlary ýakyp ýandyrdy, soňra ekin meýdanyny ýandyrmaga başlady.


Ýokarky otagyny gökde bina edýän, gümmezini ýeriň ýokarsynda gurýan, deňziň suwlaryny bir ýere ýygnap, suwlary ýer ýüzüne dökýän Oldur. Onuň ady Rebdir.


Men el zähmetiňiz bilen öndürýän ähli önümleriňiziň üstünden epgek öwüsdirip, heň we doly bilen harapladym. Emma siz şonda-da Maňa tarap öwrülmediňiz. Muny Reb aýdýandyr.


Ammarda tohum galdymy? Galmady. Üzüm, injir, nar we zeýtun agaçlary entek hem hasyl berýärmi? Bermeýär. Emma Men size şu günden beýläk bereket ýagdyraryn“».


Men siziň üçin topragyňyzdaky hasyly weýran etmegi çekirtgelere gadagan ederin. Meýdandaky üzüm agaçlaryňyz hasylsyz galmaz, Hökmürowan Reb diýýär.


Siz näletlendiňiz, sebäbi siz Menden ogurlaýarsyňyz, bütin millet Menden ogurlaýar!


Reb size bedeni igledýän keselden, gyzdyrmadan, çişmeden, ysytmadan, gurakçylykdan, ýakyp ýandyrýan epgekden we heňden ýaňa ejir çekdirer. Tä doly heläk bolýançaňyz, şeýle külpetler sizden aýrylmaz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ