Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn».
Saňa garşy günä edendikleri zerarly gök ýapylyp, ýagmyr ýagmadyk mahaly, olar şu ýere tarap bakyp, dileg edip, Seniň adyňy ykrar etseler, Seniň hasrat çekdirenleriň hem öz günäleri üçin toba gelseler,
Şonuň üçin beren gallamy öz wagtynda Men yzyna alaryn, öz möwsüminde täze şerabymy gaýdyp alaryn. Ýalaňaç bedenini örtýän ýüňümi, zygyrymy yzyna alaryn.
Siz köp ekip, az hasyl alýarsyňyz, iýip doýmaýarsyňyz, içip ganmaýarsyňyz, geýinýärsiňiz, ýöne ýylynmaýarsyňyz, gazanjyňyz düýbi deşik pul torba düşýär“».