Soňra Musa bilen ysraýyllar Rebbe bagyşlap, şu nagmany aýtdylar: «Men Rebbe nagma aýdaryn. Ol şöhratly ýeňiş gazandy. Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy.
Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!»
Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.
Eý, Sion perzentleri, begeniň, Beýik Hudaýyňyzda şatlanyň! Çünki adalat üçin, Ol güýz ýagşyny ýagdyrdy; Ol size bolelin ýagşy eçildi. Ozal bolşy ýaly ýagdyrdy, güýz hem-de ýaz ýagyşlaryny.
Bulary Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Onuň saýlajak ýerinde ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen we galalaryňyzda ýaşaýan lewiler bilen bile iýiň. Öz eden ähli işleriňiz üçin Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyň.
Siz Mesihi görmedik bolsaňyz hem, Ony söýýärsiňiz. Hatda Ony görmeseňiz-de, Oňa iman edýärsiňiz we söz bilen taryplap bolmajak beýik şatlykdan dolup-daşýarsyňyz.
Onsoň Hanna Rebbe dileg etdi: «Reb kalbymy şatlyga besledi, Reb bilime kuwwat berdi. Seniň halas edeniň üçin, men şadyýan! Duşmanlarymyň üstünden gülýän.