Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Habakuk 3:16 - Mukaddes Kitap

16 Eşidip, tutuş bedenim lerzana geldi, sesinden dodaklarym tibirdedi, süňňüm eräp, dyzlarym saňňyldady. Emma bize hüjüm edýän halkyň başyndan injek betbagtlyk gününe sabyrsyzlyk bilen garaşaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Эшидип, тутуш беденим лерзана гелди, сесинден додакларым тибирдеди, сүңңүм эрәп, дызларым саңңылдады. Эмма бизе хүҗүм эдйән халкың башындан инҗек бетбагтлык гүнүне сабырсызлык билен гарашарын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Habakuk 3:16
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gijesine süňňüm syzlaýar, janymy gemirýän agyrylar dynuwsyzdyr.


Hamym garalyp soýulýar, süýeklerim gyzdyrmadan ýanýar.


Olar garrasa-da, miwe getirýärler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.


Mynasyp aýal äriniň başynyň täjidir, binamys aýal bolsa süýegiňi çüýreder.


Asuda paýhas bedene ýaşaýyş berýär, göriplik bolsa süýekleri çüýredýär.


Munuň üçin sanjy tutdy bilimden, dogurýan aýalyň burgusy dek, burgular tutdy meni; eşidýänlerimden ýaňa iki büküldim, görýänlerimden ýaňa gorky gaplady.


Pygamberler hakynda: Ýüregim içimde syndy, ähli süňklerim sandyraýar. Reb sebäpli, Onuň mukaddes sözleri sebäpli men serhoş adam kimin, şerabyň ýesiri kimin boldum.


Wah, bu nähili gorkunç gün, onuň ýaly gün başga ýokdur. Bu Ýakup üçin aladaly döwürdir, emma ol ondan ýene-de gutular».


Wah janym, wah janym! Agyryma çydamok! Wah, kalbymyň aýnasy! Ýüregim hasrat çekýär, ümsüm bolup bilemok, çünki sen, eý, janym, eşitdiň surnaý sesin, söweş nagrasyn.


«Eý, ysraýyl halky, siziň üstüňize uzak ýurtdan bir milleti çozdurjak. Ol güýçli hem gadymy milletdir. Sen ol milletiň dilini bilmersiň, näme aýdýanyna düşünmersiň. Muny Reb aýdýandyr.


Ýokardan ot iberip, süňklerimi köýdürdi; aýagyma duzak gurup, meni arkan agdardy; meni weýran edip, bütin gün tapdan düşürdi.


Seret, ýa Reb, nähili ejir çekýän, içim ýanýar, ýüregim çat açýar, çünki Saňa garşy baş galdyrdym. Daşarda gylyç gyrýar, içerde ölüm höküm sürýär.


Ruh meni ýokary göterip, bu ýerden alyp gitdi. Rebbiň eli meniň üstümde berk durdy we janym gahardan dolup, men gaýgy-hasratda gitdim.


Şeýdip, men ýeke galdym. Bu beýik görnüşi görenimde, mende güýç galmady, ýüzümde reňk-pet galmady, men takatdan düşdüm.


Soňra men onuň sesiniň owazyny eşitdim. Geplände onuň sesini eşidip, huşumdan gitdim we ýere ýüzin ýykyldym.


Men Danyýel takatdan düşdüm, birnäçe günläp ýaramadym. Soňra aýak üstüne galyp, ýene-de patyşanyň işleri bilen meşgul boldum. Men bu görnüşe aňka-taňka boldum, oňa düşünmedim.


Şan-şöhratyň barada eşitdim, ýa Reb! Ýa Reb, işleriňe haýranlar galýan! Biziň döwrümizde işleriňi janlandyr, biziň günlerimizde olary aýan et, gazap içindekäň rehim etmegi unutma.


Berk duruň, şonda janyňyzy halas edersiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ