Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Habakuk 3:13 - Mukaddes Kitap

13 Sen Öz halkyňyň gutulyşy üçin, seçip-saýlanyňy halas etmek üçin geldiň, pis nesilbaşyny ezdiň, ony depesinden dabanyna çenli soýduň. Sela

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Сен Өз халкыңың гутулышы үчин, сечип-сайланыңы халас этмек үчин гелдиң, пис несилбашыны эздиң, оны депесинден дабанына ченли сойдуң. Села

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Habakuk 3:13
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýlelikde, Dawut Bagalperasyma gelip, olary şol ýerde derbi-dagyn etdi. Ol: «Sil bentleriniň böwsülişi kimin, Reb-de duşmanlaryma meniň elim bilen zarba urdy» diýdi. Şol sebäpden hem bu ýere Bagalperasym diýen at dakyldy.


Ol olaryň dileglerini bitirdi, emma üstlerine gyrgyn iberdi.


Şoňa görä, olary çölde ýoklaryn diýip, milletler arasyndan zürýatlaryny ýoklaryn diýip, olary ýer ýüzüne dargatjak diýip, elini galdyryp, Reb kasam etdi.


Ol halkyna işleriniň gudratyny görkezdi: milletleriň mirasyny olara berdi.


Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň, duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň. Seniň goluň meni halas eýleýär.


Seniň ýeňşiň bilen beýik onuň şöhraty, Sen hormat bilen dabara beslediň ony.


Rebbiň sesi çöli sarsdyrýar, Reb Kadeş çölüni sarsdyrýar.


Eý, Hökmürowan Reb, Gudratygüýçli! Saňa umyt baglaýanlar men zerarly, goý, utanmasyn; Eý, Ysraýyl Hudaýy, Seni agtarýanlar men zerarly, goý, uýalmasyn.


Hawa, Ol gaýany ýaryp, suwlar çogdurdy, akarlary dolup-daşdyrdy, emma Öz halkyna çörek berip bilermi? Ony et bilen üpjün edip bilermi?»


Hudaýyň halky geçmişi, Rebbiň guly Musany ýatlady. Sürüsiniň çopanlary bilen bile olary deňizden geçiren nirede? Öz Mukaddes Ruhuny içlerine salan nirede?


Gökleri ýaryp, aşak insediň, Sen! Öňüňde titreşsedi daglar!


Hek çalan diwaryňyzy ýykaryn, ony ýer bilen ýegsan ederin, onuň düýbi görner. Diwar ýykylyp, siz içinde heläk bolarsyňyz. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“.


Men gurbanlyk sypasynyň ýanynda Rebbiň duranyny gördüm. Reb şeýle buýruk berdi: «Ybadathana söýeleri sarsýança, sütünleriň başyna ur, olary ähli ynsanyň depesinden inder. Diri galanlaryny gylyçdan geçirerin, hiç biri gaçyp-da, gutulyp-da bilmez.


Olar Beýthoron dagynyň eňňidiniň ugry bilen ysraýyllardan gaçanlarynda, Reb Azeka barýança olaryň üstüne gökden uly daşlar ýagdyrdy, olar gyryldylar. Uly daşyň aşagynda galyp ölenler ysraýyllaryň öldürenlerinden köp boldy.


Ýeşuwanyň ýanyna getirdiler. Ýeşuwa ähli ysraýyllary çagyryp, özi bilen bile söweşen goşun ýolbaşçylaryna: «Öňe çykyň we aýaklaryňyzy bu hanlaryň boýnuna goýuň!» diýdi. Olar aýdylyşy ýaly etdiler.


Şol bir wagtyň özünde Ýeşuwa ol ýerleriň ähli hanlaryny we olara degişli ýerleri basyp aldy, sebäbi Ysraýyl Hudaýy Rebbiň hut Özi Ysraýyl üçin söweşdi.


Rebbiň guly Musanyň buýruşy ýaly, Ýeşuwa bu galalaryň hemmesini basyp alyp, onuň hanlarynyň ählisini gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdi.


Reb olary ysraýyllaryň eline berdi. Ysraýyllar olary gylyçdan geçirdiler we Beýik Sidona, Misrepot Maýyma, gündogarda Mispe jülgesine çenli olaryň yzyndan kowup, olaryň iň soňkusyna çenli gyryp öldürdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ