Eý, Hökmürowan Reb, Gudratygüýçli! Saňa umyt baglaýanlar men zerarly, goý, utanmasyn; Eý, Ysraýyl Hudaýy, Seni agtarýanlar men zerarly, goý, uýalmasyn.
Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Döwek wagty harman ýeri nähili tapbatlanýan bolsa, Babyl gyzy-da şeýle ediler. Ýene az salymdan onuň oruljak wagty geler.
Men Öz halkymy diňe ýeňil jezalandyrmakçydym, emma asudalykda biperwaý oturan bu halklar olaryň başyna düşen külpeti has hem artdyrdylar. Indi bu halklara Meniň gaty gaharym gelýär“».