Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Habakuk 2:6 - Mukaddes Kitap

6 Ýesirler olary ýaňsylap diýýärler: «Ogurlanan zatlary toplaýanyň dat gününe! Haçana çenli agyr girewleri öz üstüňe aljak?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Есирлер олары яңсылап диййәрлер: «Огурланан затлары топлаяның дат гүнүне! Хачана ченли агыр гиревлери өз үстүңе алҗак?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Habakuk 2:6
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki Reb beýik Hudaýdyr, ähli hudaýlaryň beýik Şasydyr.


Baý bolmak üçin garyplary ezýän hem-de baýlara sowgat berýän diňe garyp düşer.


Çünki Aşur patyşasy şeýle diýýär: «Muny öz elimiň güýji bilen, öz paýhasym bilen gazandym, men paýhaslydyryn. Milletleriň serhetlerini aýyrdym, olaryň hazynalaryny taladym, tagtyndan agdardym güýçli şalary.


Küli hörek edinýärler aldanan kalplary azaşdyrýar olary, janlaryny halas edip bilmeýärler, «Sag elimdäki zat ýalan dälmi?» diýip bilmeýärler.


Öý üstüne öý, ýer üstüne ýer edinýänleriň dat gününe! Özüňizden başga ýer goýmaýarsyňyz, ýurtda diňe siz ýaşamalymy näme?


Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar.


Haram baýlyk toplan öz guzlamadyk ýumurtgalarynyň üstünde oturan käkilik kimindir. Ömri ýarpy bolanda, ol baýlyk elden gider, ömrüniň ahyrynda bolsa ol akmak bolup çykar.


Ýahudadan Babyla sürgün edilenleriň bary olaryň adyny gargyş hökmünde ulanyp: ‘Goý, Reb seni Babyl patyşasynyň diriligine oda ýakan Sidkiýa we Ahap kimin etsin!’ diýerler.


Ol Rebbiň gazabyndan ýaňa ilatsyz galyp, bütinleý harabalyga öwrüler. Babyldan geçenler onuň ýaralaryna haýran bolup sykylyk çalarlar.


Ölüler dünýäsinde Müsür we onuň tarapdarlary hakda iň batyr ýolbaşçylar: „Olar aşak indiler, gylyçdan geçirilen sünnetsizler bilen ýatyrlar!“ diýerler.


Şol gün sizi masgaralap ýaňsylarlar, siz şeýle agy aýdymyny aýdarsyňyz: „Büs-bütin weýran bolduk! Reb halkymyň mirasyny dagadýar. Ol muny elimden alýar! Ýerimizi haýynlara paýlaýar“».


Duşmanlar olary çeňňek bilen tutýarlar, torlary bilen awlaýarlar, giň torda gyra çekip çykarýarlar. Muňa şatlanyp, heşelle kakýarlar.


Gan döküp, şäher guranyň, Adalatsyzlyk bilen galanyň düýbüni tutanyň dat gününe!


Halklaryň çeken zähmetiniň biderek bolmagy, milletleriň özlerini biderek kösemegi bu Hökmürowan Rebbiň işi dälmidir?


Bilgam indi boljak zatlardan habar berip, şeýle diýdi: «Eý, Sipor ogly Ballak, oýan-da, maňa gulak goý.


Onsoň Bilgam Hudaýdan gelen aýanlygy habar berip, şeýle diýdi: «Mowap patyşasy Ballak meni gündogardaky daglardan, Siriýa ýurdundan getirip, şeýle diýdi: „Gel, meniň üçin Ýakuby näletle, gel-de, Ysraýyla garga!“


Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryň kime galar?“ diýýär.


Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ