Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Habakuk 2:5 - Mukaddes Kitap

5 Baýlyk aldawçydyr. Baýlar tekepbirdirler, olarda ynjalyk bolmaz, ölüler dünýäsi ýaly açgözdirler, doýmazlar asla ölüm ýaly. Ähli milletleri ýanlaryna toplap, ähli halklary basyp alýarlar olar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Байлык алдавчыдыр. Байлар текепбирдирлер, оларда ынҗалык болмаз, өлүлер дүнйәси ялы ачгөздирлер, доймазлар асла өлүм ялы. Әхли миллетлери янларына топлап, әхли халклары басып алярлар олар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Habakuk 2:5
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Elbetde, sen edomlylary gyrdyň we muňa seniň göwnüň galkdy. Şu ýeňşiňe guwan-da, öýüňde otur. Sen näme üçin uruşmaga bahana agtarýarsyň? Sen özüňiň we Ýahudanyň halkynyň başyna bela getirersiň».


Muny bilmek meniň üçin juda ajaýyp, ol belent, men ony aňyp bilemok.


Şerap biabraý edýändir, çakyr dawa-jenjel turuzýandyr. Oňa aldanýanyň ählisi akylsyzdyr.


Çendenaşa bihaýa iş edýän gedem hem tekepbir adamyň ady masgaralaýjydyr.


Ölüler dünýäsiniň we heläkçilik ýeriniň doýmaýşy ýaly, adamyň gözi-de asla doýýan däldir.


Harytlar köpelende, ony iýýänler-de köpelýändir; gözleri bilen görmekden başga eýesine ondan näme haýyr bar?


Ol halklara gazaply, üznüksiz zarbalar urdy, milletleri gazap bilen, dynuwsyz zulum bilen dolandyrdy.


Mowabyň tekepbirligi, onuň hetdenaşa gedemligi, men-menligi, ulumsylygy, gazaby barada eşitdik; boş ýere öwünýär ol.


Ynsan men-menligi, hem gedemligi peseldiler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.


Iýýärler, içýärler, halylar düşäp, saçak ýazyp. Eý, serkerdeler, turuň-da, galkanlary ýaglaň!


Şonuň üçin doýmagy bilmeýän ölüler dünýäsi agzyny giňden açdy; Iýerusalimiň at-abraýlylary, köplügi, şowhunçylary, şady-horramlary bu dünýä girerler,


Öý üstüne öý, ýer üstüne ýer edinýänleriň dat gününe! Özüňizden başga ýer goýmaýarsyňyz, ýurtda diňe siz ýaşamalymy näme?


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Ok atýanlary, kemançylaryň baryny Babylyň garşysyna çagyryň! Onuň töwerek-daşynda düşelge guruň, hiç kim ol ýerden gaçyp gutulmasyn. Eden işine görä onuň almytyny beriň, ähli edenlerini onuň özüne ediň. Ol Rebbe, Ysraýyl Mukaddesine garşy küpürlik etdi.


Işdäleri açylan wagty bolsa, Men olara meýlis guraryn. Şatlanyp, ebedi uka gitsinler, hiç wagt oýanmasynlar diýip, olary serhoş ederin. Muny Reb aýdýandyr.


Duşmanlar olary çeňňek bilen tutýarlar, torlary bilen awlaýarlar, giň torda gyra çekip çykarýarlar. Muňa şatlanyp, heşelle kakýarlar.


Torlaryny boşatmagyny dowam ederlermi? Milletleri rehimsizlik bilen gyrarlarmy?


Sered-ä olaryň tekepbirligine! Olaryň niýeti betpäl, emma dogruçyl iman bilen ýaşar».


Size buýruşymyz ýaly, gep-gürrüňsiz ýaşamaga, diňe öz işiňiz bilen meşgul bolmaga, eklenjiňizi özüňiz gazanmaga yhlas ediň.


Emma Hudaý bize has beýik merhemet berýär. Şoňa görä Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ