Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Habakuk 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Sered-ä olaryň tekepbirligine! Olaryň niýeti betpäl, emma dogruçyl iman bilen ýaşar».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Серед-ә оларың текепбирлигине! Оларың ниети бетпәл, эмма догручыл иман билен яшар».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Habakuk 2:4
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bir ogryny göreňde, oňa goşulýaň, zynahorlara şärikdeş bolýaň.


Men dünýäni ýamanlygy üçin, etmişleri üçin jezalandyraryn erbetleri; tekepbirleriň gedemliginiň soňuna çykaryn, zalymlaryň ulumsylygyny peselderin.


Ol Meniň parzlarymy ýerine ýetirer, hökümlerimi ak ýürekden doly berjaý eder; ol dogruçyl adamdyr; ol hökman diri galar». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Bu goşun ele düşensoň, günorta patyşasynyň ýüregi galkynar. Ýöne ol on müňlerçe adamy öldürse-de, onuň ýeňşi uzaga çekmez.


Nebukadnesaryň garşysyna çykarylan bu höküm şol wagtyň özünde amala aşdy. Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, öküzler ýaly ot iýdi, onuň endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy. Saçy bürgüdiň ýelegi ýaly, dyrnaklary guşlaryň penjesi ýaly ösdi.


Men size fariseýiň däl-de, salgytçynyň aklanyp gidendigini aýdýaryn, sebäbi kim özüni ýokary tutsa, peseldiler, kim özüni pes tutsa, beýgeldiler».


Ogla iman edýän adam baky ýaşaýşa eýe bolýar, emma Ogly ret eden adam baky ýaşaýşa gowuşmaz, ol Hudaýyň gazabyna duçar bolýar».


Hoş Habar Hudaýyň adamlary aklaýandygyny aýan edýär. Ol iman edýänleri, hawa, diňe iman edýänleri aklaýar. Çünki Mukaddes Ýazgylarda: «Dogruçyl iman bilen ýaşar» diýip ýazylgydyr.


Adam Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, diňe Isa Mesihe bolan imany arkaly aklanýandyr. Muny hatda biz hem bilýäris. Şoňa görä-de, biz Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, Isa Mesihe bolan imanymyz arkaly aklanmak üçin, Oňa iman etdik. Çünki Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly hiç kim aklanýan däldir.


Bu adam hudaý diýip atlandyrylýan ýa sežde edilýän zatlaryň baryna garşy çykyp, özüni olardan ýokary tutar. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.


Meniň dogruçyl halkym iman bilen ýaşar, eger imandan dänse, ondan razy bolmaryn».


Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ