20 Emma Özüniň mukaddes ybadathanasyndadyr Reb, goý, bütin dünýä dymsyn Onuň öňünde!
20 Эмма Өзүниң мукаддес ыбадатханасындадыр Реб, гой, бүтин дүнйә дымсын Онуң өңүнде!
Gürleşmek isleýänimi Hudaýa aýtmalymy? Ýuwudylmak isleýän barmy?
Goý, Reb ähli ýaranjaň agyzlary, badyhowa gürleýän dilleri kessin.
Rebbiň maňa eden ýagşylyklarynyň öwezini nädip dolaýyn?
Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin, halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar; çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr; Ol belende galdyrylandyr.
«Eý, adalar, Meniň huzurymda dymyň, halklar täzeden güýç toplasynlar, olar ýakyna gelip, geplesinler; höküm üçin bile toplanalyň.
Uzyýa patyşanyň ölen ýyly beýik hem şöhratly tagtyň üstünde oturan Taňryny gördüm. Lybasynyň syýy ybadathanany doldurýardy.
Reb şeýle diýýär: «Gökler Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Maňa gurjak öýüňiz hany?! Dynçlyk mekanym nirede boljak?!
Şäherden bir güýçli ses, ybadathanadan bir ses eşidilýär! Duşmanlarynyň jezasyny berýän Rebbiň sesidir bu!
Çuňluga, deňizleriň bagryna taşladyň meni. Gurşady suwlar meni. Ähli güýçli tolkunlaryň üstümden geçdi meniň.
Indim daglaryň düýbüne. Gapylary baky ýapylýan ýere düşdüm. Ýöne, eý, Hudaýym Reb, janymy çuňlukdan halas etdiň.
Ähliňiz eşidiň, eý, halklar! Gulak goýuň, eý, zemin we onuň ýaşaýjylary! Hökmürowan Reb mukaddes mesgeninden size garşy güwälik eder.
Pygamber Habakugyň Şigýonot boýunça dilegi.
Hökmürowan Rebbiň huzurynda dym! Çünki Rebbiň güni golaýdyr, Reb gurbanlyk taýynlady, çagyranlaryny päkläp mukaddes etdi.
Ähli janly-jandarlar, Rebbiň öňünde ümsüm boluň; Ol turup, mukaddes mekanyndan çykyp gelýär.