Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Habakuk 2:19 - Mukaddes Kitap

19 Agaja: «Oýan!», dilsiz daşa: «Tur!» diýýäniň, dat gününe! But ýol görkezip bilermi? Altyn-kümşe gaplanandyr ol, ýöne içinde jany bolmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Агаҗа: «Оян!», дилсиз даша: «Тур!» диййәниң, дат гүнүне! Бут ёл гөркезип билерми? Алтын-күмше гапланандыр ол, йөне ичинде җаны болмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Habakuk 2:19
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Faraony, goşunyny Gyzyl deňizde derbi-dagyn eden-de Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Beýik patyşalary öldüren Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Güwwüldeşsin deňiz we ondakylaryň ählisi, dünýä we onda ýaşaýanlaryň bary.


Ol hökümdarlar öldi, olar indi ýok, Sen olary jezalandyryp, heläk etdiň, olary hiç kim ýatlamaz asla.


Butumy? Ony bir hünärment guýýar, zergär ony altyna gaplaýar, onuň üçin kümüş zynjyr ýasaýar.


Biz biler ýaly, kim muny başlangyçdan yglan etdi? „Ol mamla“ diýerimiz ýaly, kim öňünden habar berdi? Hiç kim habar bermedi, hiç kim jar etmedi, hiç kim sözleriňizi eşitmedi.


Galanyndan bolsa bir taňry ýasaýar, özüne but ýasap, sežde edýär oňa, ybadat edýär, dileg edip, şeýle diýýär: «Meni halas et, meniň taňrymsyň sen!»


Altyny torbadan guýýanlar, kümşi terezide çekýänler bir zergäri hakyna tutýarlar, ol-da olardan bir hudaý ýasaýar; olar ýere ýüzin düşüp, oňa sežde edýärler.


Derýanyň ýylçyr daşlarynyň arasyndadyr paýyňyz, nesibäňiz şolardyr siziň; olara sadaka hökmünde şerap guýýarsyňyz, galla sadakasyny hödürleýärsiňiz, bulardan soň sizi jezasyz galdyrarynmy?


Her bir adam akmak hem nadandyr, her zergär ýasan butlaryndan uýada galar, olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur.


Halklaryň däp-dessurlary boşdur, tokaýdan kesilen agaja ussanyň guraly şekil berýär.


Ony altyn-kümüş bilen bezäp, gymyldamaz ýaly, çekiç bilen çüýläp berkidýärler.


Tarşyşdan – ýenjilen kümüş, Upazdan altyn getirilýär. Ussanyň hem zergäriň hünäridir butlar, gök hem gyrmyzy eşik geýdirerler olara, barysy hem ökde hünärmentleriň işidir.


Olar bir agaja ‘Sen meniň atamsyň’, bir daşa ‘Meni sen dogurdyň’ diýýärler. Olar Maňa ýüzlerini däl-de, ýeňselerini öwürdiler. Emma başlaryndan bela inende, ‘Gel-de, bizi halas et!’ diýýärler.


Hany, özüňize ýasan hudaýlaryňyz nirede? Başyňyzdan bela inende, sizi halas edip bilýän bolsalar, goý, gelsinler. Eý, ýahuda halky, şäherleriň sany näçe bolsa, hudaýlaryňyň sany hem şonçadyr.


Her bir adam akmak hem akylsyzdyr, her zergär ýasan butlaryndan uýada galar, olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur.


Munuň üçin Meniň Babylyň butlaryny jezalandyrjak günlerim geler. Onuň tutuş ýurdy utanja galar, jesetleri ýurduň ortasynda ýere serler.


Nebukadnesar patyşa bir altyn heýkel ýasatdy. Onuň boýy altmyş, ini alty tirsekdi. Patyşa heýkeli Babyl welaýatynyň Deýra diýen düzlüginde dikdi.


Ýöne Ol bizi halas etmese-de, eý, patyşahym, şuny bilip goýgun: biz seniň hudaýlaryňa gulluk etmeris, seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeris».


Şonuň üçin hem men perman çykarýaryn: Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna garşy küpür geplän her bir halkyň, milletiň ýa-da urugyň el-aýagy çapylyp, öý-öwzary weýran ediljekdir. Çünki şunuň ýaly halas edip biljek başga hiç bir hudaý ýokdur».


Şeýlelikde, surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesi eşidilen badyna ähli halklar, milletler we uruglar ýere ýüzin düşüp, Nebukadnesar patyşanyň diken altyn heýkeline sežde etdiler.


Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz.


Olar şerap içip, altyndan, kümüşden, bürünçden, demirden, agaçdan we daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladylar.


Gämiçileri gorky gaplap aldy; olaryň hersi öz hudaýyny çagyrmaga başlady. Olar gämini ýeňletmek üçin, ýüklerini deňze taşladylar. Ýunus bolsa aşakda, gäminiň içki ammarynda süýji uka gidipdi.


Hawa, biz Hudaýyň zürýatlarydyrys. Şonuň üçin-de, biz Ony ynsan sungaty we hünäri arkaly altyndan, kümüşden ýa-da daşdan ýasalan heýkele meňzetmeli däldiris.


Aýal bolsa goýy gyrmyzy we al-gyzyl lybaslara beslenip, altyn, gymmatbaha daşlar we dürler bilen bezenipdi. Onuň elinde ýigrenji zatlardan we zynahorlygynyň nejisliginden doly altyn şakäse bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ