Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Habakuk 2:16 - Mukaddes Kitap

16 Şan-şöhratyňyz utanja öwrüler, indi siz hem içip, serhoş ýörersiňiz. Reb size sag elindäki jeza käsesinden içirer, şonda siz abraýdan düşüp, ile ryswa bolarsyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Шан-шөхратыңыз утанҗа өврүлер, инди сиз хем ичип, серхош йөрерсиңиз. Реб сизе саг элиндәки җеза кәсесинден ичирер, шонда сиз абрайдан дүшүп, иле рысва боларсыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Habakuk 2:16
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen wehimlisiň! Gazaba müneňde kim durup biler?


Akyllylar şöhrata eýe bolarlar, akmaklar bolsa uýada galarlar.


Aşuryň patyşasy-da Müsüre utanç bolsun diýip, müsürlileri sürgün edip, efiopiýalylary ýesir alyp, ýaşlardyr garrylary ýalaňaç, aýakýalaň, otyrýerleri açyk halda äkider.


Ýalaňaçlygyň aýan bolar, aýbyň açylar. Öç alaryn Men, hiç kimi aýamaryn».


Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin, täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar. Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi, seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler».


Ysraýyl Hudaýy Reb maňa şeýle diýdi: «Gazapdan pürepür bu käsäni Meniň elimden al-da, seni ýanlaryna iberjek ähli milletlerime ony şerap dek içir.


Onsoň men käsäni Rebbiň elinden aldym, ony Rebbiň meni iberen ähli milletlerine içirdim.


Men onuň ýolbaşçylaryny, akyldarlaryny, häkimlerini, serkerdelerini, urşujylaryny serhoş ederin. Olar ebedi uka gidip oýanmazlar. Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar.


Babyl Rebbiň elinde bütin dünýäni serhoş edýän altyn pyýala kimindi. Milletler onuň şerabyndan içdiler, munuň üçin akylyndan azaşdylar.


Eý, Us ýurdunda ýaşaýan Edom gyzy, şatlan, begen! Ýöne käse gezegi saňa-da ýeter, serhoş bolup ýalaňaçlanarsyň şonda.


Serhoşlykdan we gaýgydan dolarsyň, ol seniň uýaň Samariýanyň käsesidir, ol elhençlik hem weýrançylyk käsesidir.


Ruhanylar näçe köpeldigiçe, Meniň garşyma şonça köp günä etdiler. Olaryň şöhratyny masgaraçylyga öwrerin.


Patyşanyň meýlis gününde emeldarlar şerabyň gyzgynyna huşuny ýitirýärler. Patyşa ýaman iş edýänler bilen el-ele berýär.


Köp halklaryň soňuna çykmak bilen öz öýüňizi utanja goýduňyz, janyňyzdan mahrum bolduňyz.


Ýalaňaçlygyna tomaşa etjek bolup, goňşularyny şerapdan serhoş edýänleriň dat gününe!


Olaryň soňy weýrançylykdyr, olaryň gara garynlary hudaýlarydyr, olar öz masgaralygyna buýsanýandyrlar. Olar diňe bu dünýäniň zatlary barada oýlanýandyrlar.


Ol size näme eden bolsa, siz hem oňa şony ediň. Onuň edenlerini iki esse edip gaýtaryň! Oňa iki esse güýçli garylan şerapdan içiriň!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ