Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Habakuk 2:14 - Mukaddes Kitap

14 Suwlaryň deňzi dolduryşy deýin, bütin ýer ýüzi-de, Rebbiň şöhraty hakyndaky bilimden dolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Сувларың деңзи долдурышы дейин, бүтин ер йүзи-де, Реббиң шөхраты хакындакы билимден долар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Habakuk 2:14
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar bir salymda wes-weýran boldy, wehimden ýaňa ýok bolup gitdi!


Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez, bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Rebbi bilmekden dolar.


Ol seniň döwürleriň berk binýadydyr, bol danalyk hem bilim bolar; Ol yzygiderli halas eder. Rebden gorkmak halkynyň hazynasydyr.


Şonda Rebbiň şöhraty aýan bolar, ähli ynsanlar ony birlikde görerler, muny aýdýan Rebdir».


Olar biri-birine şeýle diýdi: «Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir. Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr».


Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Ol ýene müň tirsek ölçedi; suw bir derýa boldy. Suw ýokary göterilendigi sebäpli men onuň içinden geçip bilmedim. Ondan ýüzüp geçäýmeseň, ýöräp geçip boljak däldi.


Halkymyň aýallaryny rahat öýlerinden kowýaňyz. Çagalaryny berekedimden ebedilik mahrum edýäňiz.


Ýalaňaçlygyna tomaşa etjek bolup, goňşularyny şerapdan serhoş edýänleriň dat gününe!


Hudaý Teýmandan, Mukaddes Bolan Paran dagyndan geldi. Sela Onuň şöhraty gökleri gaplady, ýer ýüzi Oňa bolan öwgülerden doldy.


Men şonda hemmeleriň Maňa ybadat edip, agzybirlik bilen Maňa gulluk ederleri ýaly, milletlere päk dil bererin.


Ýöne Men barlygymdan we bütin dünýäni dolduran şöhratymdan kasam edýärin:


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Ýa Reb, Senden gorkmajak barmy? Adyňa şöhrat aýtmajak barmy? Çünki mukaddes ýeke-täk Sensiň! Ähli milletler huzuryňa gelerler, olar Saňa sežde ederler. Çünki adalatly hökümleriň aýan boldy».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ