Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz.
Ol ähli halka ýüzlenip: «Görýäňizmi, şu daş biziň üçin subutnama bolar. Bu daş Rebbiň bize aýdan ähli sözlerini eşitdi. Eger siz Rebbe dönüklik edäýseňiz, bu daş size garşy subutnama bolar!» diýdi.
Olar batly ses bilen gygyryp: «Eý, mukaddes we hakyky Reb! Sen ýer ýüzüniň ilatyny haçan höküm etjek? Biziň ganymyzy olardan haçan sorajak?» diýip soradylar.