Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Habakuk 2:1 - Mukaddes Kitap

1 Gözegçilik edýän ýerimde duraryn, diňiň üstüne çykaryn. Rebbiň maňa näme diýjegini bileýin, şikaýatyma näme jogap berjegini göreýin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Гөзегчилик эдйән еримде дурарын, диңиң үстүне чыкарын. Реббиң маңа нәме дийҗегини билейин, шикаятыма нәме җогап берҗегини гөрейин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Habakuk 2:1
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut şäher derwezesiniň içki hem daşky gapylarynyň arasynda otyrdy. Şol wagt gözegçi derwezehananyň ýokarsyna, diwara çykyp seretdi we kimdir biriniň ylgap gelýändigini gördi.


Ysraýyl halky gizlinlikde Hudaýy Rebbiň garşysyna pis işleri etdi. Olar hemme ýerde – iň kiçi obadan tä uly gala çenli ähli ýerde seždegähleri gurdy.


Ýizregelde diňiň üstünde duran bir garawul bardy. Ol garawul Ýehuwyň ýakynlaşyp gelýän goşunyny görüp: «Men bize tarap gelýän bir topar esgeri görýärin» diýdi. Ýoram patyşa hem: «Bir atlyny olaryň öňünden iber. Ol baryp olardan: „Eýgilikmidir?“ diýip sorasyn» diýip buýruk berdi.


Wah, maňa bir gulak asýan bolsady! Wah, Gudratygüýçli Hudaý, Sen bir maňa jogap bersediň! Şonda aýdan zatlarymyň hakdygyny subut edip, gol çekerdim! Wah, Aýyplaýjym hökümleri ýazyp, elime bersedi!


Her ätlän ädimimiň hasabatyny bererdim Oňa, şazada kimin Onuň huzuryna barardym.


Diňle perýadymyň sesini, eý, Patyşam hem-de Hudaýym, men Saňa edýändirin dilegi.


Ýa Taňry, hudaýlar arasynda Sen kimin ýokdur, Seniň işleriňe taý geljek ýokdur.


Ýa Taňry, ýaradan milletleriň ählisi gelip, Seniň gaşyňda sežde ederler, Seniň adyňa şöhrat aýdarlar.


Iýýärler, içýärler, halylar düşäp, saçak ýazyp. Eý, serkerdeler, turuň-da, galkanlary ýaglaň!


Reb maňa şeýle diýdi: «Git-de bir gözegçi goý, goý, ol habar bersin görenini.


Gözegçi gygyrdy: «Ýa Reb, gözegçilik diňidir gündizlerine ornum, nobatçylyk çekýän bütin gijeläp.


Eý, Iýerusalim, diwarlaryňda gözegçiler goýdum, gije-gündiz asla dymmaz olar. Eý, Rebbe ýatladýanlar, özüňize dynç bermäň,


Ýa Reb, Seniň bilen dawalaşsam, Sen hemişe hakly çykýarsyň. Emma ýene-de adalat barada Seniň bilen gürleşmek isleýärin. Näme üçin erbetleň ýoly rowaçlanýar? Näme üçin haýynlar asuda ýaşaýar?


Men siziň üstüňizden gözegçi goýup: „Surnaýyň sesine gulak asyň!“ diýdim. Emma olar: „Gulak asmarys“ diýdiler.


«Eý, ynsan ogly! Men seni ysraýyl halkyna gözegçi belledim. Meniň her bir aýdýan sözümi diňle-de, Menden olara duýduryş ber.


Eý, ynsan ogly! Men seni ysraýyl halkyna gözegçi goýdum; sen Menden söz eşidip, olara Meniň tarapdan duýduryş berersiň.


Emma men gözlerimi Rebbe dikerin, Halasgär Hudaýyma bil baglaryn. Maňa gulak asar Hudaýym.


Sebäbi siz Mesihiň men arkaly gürleýändigini subut edýän delilleri talap edýärsiňiz ahyryn. Mesih siz bilen iş salşanda ejiz däldir, Ol siziň araňyzda güýçlüdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ