Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Habakuk 1:9 - Mukaddes Kitap

9 Zulum etmekde olaryň hyýaly, çölüň ýeli kimin öňe dyzaýar. Ýesirleri çäge kimin toplaýarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Зулум этмекде оларың хыялы, чөлүң ели кимин өңе дызаяр. Есирлери чәге кимин топлаярлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Habakuk 1:9
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Ýusup deňiz çägeleri deý köp galla hasylyny toplady, hatda ol soňabaka olary ölçemesini-de goýdy.


Şol döwürde Siriýa patyşasy Hazaýyl Gatyň üstüne çozup, ony basyp aldy. Soňra ol Iýerusalime hüjüm etmegi ýüregine düwdi.


Men öz ýanymdan şeýle pikir ederdim: „Günlerim çäge kimin köp bolup, öz öýümde asudalykda ölerin.


Reb Ysraýyla höküm etdi, kowup, sürgün etdi; olary gazaply demi bilen kowup çykardy, gündogardan öwüsýän ýel dek.


Olaryň dul aýallaryny deňiz çägesinden-de köpelderin. Ýigitleriň hem ejeleriniň üstüne günorta çagy heläkleýji ibererin. Ejelerini duýdansyz gorky we howp astyna salaryn.


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Men buýruk berip, babyllylary bu şähere gaýtaryp getirerin. Olar şähere garşy hüjüm edip, ony basyp alarlar we oda ýakarlar. Men Ýahuda şäherlerini ilatsyz harabaçylyga öwrerin“. Muny Reb aýdýandyr».


Şol wagt bu halka we Iýerusalime şeýle diýler: «Sähradaky ýalaňaç gaýalardan eziz halkymyň üstüne gyzgyn epgek öwser, bu harman sowurmak ýa-da arassalamak üçin däldir.


Arslan süreninden çykdy, milletleri heläkleýji ýola düşdi. Ýurduňyzy weýran etmek üçin, Ol mekanyndan çykdy. Şäherleriňiz ýer bilen ýegsan bolup, ilatsyz haraba döner.


Ol ekilse-de, boý alyp ösermi? Gündogar şemaly uranda bütinleý guramazmy? Öz gögeren keşlerinde solmazmy?»


Ýöne ony gazap bilen sogrup ýere taşladylar; gündogar ýeli miwesini guratdy, berk şahalary goparylyp soldy, olary ýalynly ot ýakyp ýok etdi.


Patyşalygynyň ähli güýjüni toplap, duşmanynyň üstüne gelmegi ýüregine düwer. Patyşalygyny heläk etmek üçin, günorta patyşasy bilen ýaraşyk baglaşar, oňa aýal berer. Emma demirgazyk patyşasynyň bu guran hilesi başa barmaz, bu oňa hiç hili peýda getirmez.


Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz we möçbersiz köp bolar. Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.


Efraýym doganlarynyň arasynda barly-barjamly bolsa-da, Gündogardan epgek, çölden Rebbiň ýeli öwser. Onuň çeşmesi kesiler, guýusy gurap galar. Hazynasyndan şaý-sepleri talanar».


Torlaryny boşatmagyny dowam ederlermi? Milletleri rehimsizlik bilen gyrarlarmy?


Özgeleriň ýurtlaryny eýelejek bolup, dünýäniň çar tarapyna ýöriş edýän rehimsiz we zalym babyl milletini size garşy öjükdirerin.


Işaýa pygamber hem Ysraýyl barada şuny jar etdi: «Ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, diňe birnäçesi halas bolarlar.


Midýanlardyr amalekler we gündogar halklaryň hemmesi jülgäniň boýuna edil çekirtge üýşen ýalydy. Düýeleri şeýle bir köpdi, olar edil deňiz ýakasyndaky çäge deý sansyz-sajaksyzdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ