Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Habakuk 1:8 - Mukaddes Kitap

8 Atlary barsdan ýüwrük, özlerem gijeki aç gurtdan guduz. Atlylary uzakdan ýer gazap gelýär, aw üstüne topulýan bürgüt dek okdurylýarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Атлары барсдан йүврүк, өзлерем гиҗеки ач гуртдан гудуз. Атлылары узакдан ер газап гелйәр, ав үстүне топулян бүргүт дек окдурылярлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Habakuk 1:8
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gamyşdan edilen gaýyk deý, awuna okdurylýan bürgüt deý gaýyp barýar.


Olar bilelikde günbatardaky piliştlileriň üstüne hüjüm ederler, bilelikde gündogaryň halkyny talarlar, Edoma, Mowaba garşy el galdyrarlar, ammonlar tabyn bolarlar olara.


Ine, duşman bulut kimin gelýär, söweş arabalary harasat kimindir. Onuň atlary bürgütden ýyldamdyr. Dat günümize, biz weýran bolduk!


Reb şeýle diýýär: „Serediň! Duşman bürgüt kimin uçup, ganatlaryny Mowaba tarap ýaýýar.


Şonuň üçin olaryň ýazyklarynyň sansyzdygy, dönükliginiň çökderdigi üçin tokaýdan arslan çykyp, olary parçalar, çölden bir möjek çykyp, olary heläklär. Şäherleriniň gapdalynda bir gaplaň bukuda ýatyp, kim ol ýerden daşa çyksa, bölek-bölek eder.


Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri hem rehimsiz hem zalymdyrlar. Olar atlara atlanan, sesleri deňiz ýaly güwleýär. Olar bir adam ýaly söweşe taýýar bolup, seniň garşyňa nyzama durdular, eý, Babyl gyzy!


Bizi kowalaýanlar gökdäki bürgütlerden ýyldamdy. Olar daglarda bizi yzarladylar, çölde bizi peýläp ýatdylar.


«Indi pitneçi halka: „Siz bularyň nämedigini bilmeýärsiňizmi?!“ diý. Olara şeýle diý: „Ine, Babyl patyşasy Iýerusalime gelip, onuň patyşasyny we han-beglerini Babyla äkitdi.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Uly ganatly, uzyn ýelekli, dürli reňkli mymyk tüýlerden doly, äpet bürgüt Liwana gonup, kedr agajynyň depesini eýeledi.


Ähli köçeleriňi atlarynyň toýnagy bilen basalarlar; halkyňy gylyç bilen öldürerler, ullakan sütünleriňi ýer bilen ýegsan ederler.


«Surnaýy dodagyňa ýetir. Çünki çaýkel Rebbiň öýüniň üstünden aýlanýar. Olar Meniň ähtimi bozdy, kanunyma garşy çykdylar.


Ninewe şasy saýlama esgerlerini toplaýar, olar ýolda büdreýärler, hüjüm edýänler gala tarap okdurylýarlar. Germewler gurulýar,


Içindäki hökümdarlary arlaýan arslanlar ýalydyrlar. Kazylary daňdana deňeç ýeke süňk goýmaýan aç möjekler kimindirler.


Garaguşlaryň üýşmegi maslygyň bardygynyň bir alamatydyr. Ynsan Ogly hem bir alamat bilen geler.


Şägirtler Isa ýüzlenip: «Agam, bu hadysalar nirede bolar?» diýip soradylar. Isa hem: «Maslyk nirede bolsa, garaguşlar hem şol ýere üýşýändir» diýip jogap berdi.


Reb uzak ýerden, ýeriň aňrujundan size olaryň diline düşünmeýän bir halkyňyzy getirer. Bu halk sizi bürgüt kimin ýuwudar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ