Ol Nil derýasynyň üsti bilen gamyş gämilerinde ilçilerini ýollaýar. Eý, ýyldam çaparlar, ýurtlary derýalar bilen bölünýän, uzyn boýly, owadan bedenli millete, her ýana gorky saçan halka, haýbatly hem basybalyjy millete gidiň!
Şol wagt ýurtlary derýalar bilen bölünýän, uzyn boýly, owadan bedenli millet, her ýana gorky saçan halk, haýbatly hem basybalyjy millet, Hökmürowan Rebbe, Hökmürowan Rebbiň adyny goýan ýere, Sion dagyna sowgatlar getirer.
Eý, eşreti söýýän, howpsuzlykda ýaşap, içinden: «Diňe men, menden başga ýok, dul oturmaryn, perzent ýitgisini görmerin» diýýän sen muňa gulak goý indi!
Ine, bu zowky-sapada, howpsuzlykda ýaşap: «Ýeke men, menden başga hiç kim ýok» diýen şäherdir. Gör, ol nähili haraba bolup, wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüldi. Gapdalyndan geçýän her kes ony masgaralap, ellerini salgaýarlar.
Seniň özüň golaý bar-da, Hudaýymyz Rebbiň aýtjak zatlarynyň hemmesini diňle. Soňra Hudaýymyz Rebbiň aýdanlarynyň hemmesini bize ýetir. Biz saňa gulak asarys we berjaý ederis“.